СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменистан и Южная Корея обсудили развитие текстильной отрасли Сегодня, 15:25Туркменистан с ЮНИСЕФ впервые запускают в ЦА программу «Зеленая школа» Сегодня, 15:12CNPC станет платиновым спонсором инвестиционного форума TEIF 2025 Сегодня, 14:59В Бухаресте стартовали Дни туркменского кино Сегодня, 14:54Послы ЦА в Вене обсудили с генсеком ОБСЕ мир и доверие Сегодня, 14:45Туркменистан готов развивать сотрудничество с Евросоюзом в культурно-гуманитарной сфере Сегодня, 12:32

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň maksatnamasy
08 Июль 2013 г., 16:07

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli  maksatnamasynda” raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we uçuşlaryň howpsuzlygyny has ýokarlandyrmak, aeroportlary döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýan meseleleri durmuşa geçirmek maksady bilen,  “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy  tarapyndan gaýragoýulmasyz çäreler yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli goldawlarynyň netijesinde  “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň önümçilik işleri ýokarlanýar,  tehnikalary kämilleşýär we täzeleri satyn alynýar, şeýle hem aeroportlaryň infrastrukturalary ösdürilýär. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa parkyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen howa parkynyň üsti ýyl-ýyldan täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän howa gämileri bilen ýetirilýär. 2012-nji ýylda Çelenjer-870  kysymly  uçaryň satyn  alynmagyny  hem-de şu ýylyň  dowamynda AW-101 kysymly iki sany dikuçarlaryň we iki sany “Boeing-737-800” kysymly uçarlarynyň hem gelip gowuşmagyny muňa mysal edip getirmek bolar. Bu täze gelen uçarlary täze halkara gatnawlaryny açmaga we uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, howa parkyny yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň çäklerinde şu ýylyň dekabr aýynda “Boeing-737-800” kysymly uçarlarynyň ýene-de biriniň we 2014-nji ýylda bolsa “Boeing” kompaniýasynyň dünýäde meşhur bolan “Boeing-777-200LR” kysymly uzak araly ugurlar üçin niýetlenen uçarlarynyň ikisiniň gelip gowuşmagyna garaşylýar. “Boeing-777-200LR” uçarlary uçuş wagtynda ýolagçylaryň wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin häzirkizaman güýmenjeleri – media, internet we ş.m. tenikalar bilen ornaşdyrylar.

Häzirki döwürde amala aşyrylýan halkara gatnawlary 12 döwletiň 16 şäheri bilen birleşdirip, bu gatnawlar ýyllar dowamynda berk dostlugyň we hyzmatdaşlygyň howa köprülerine öwrüldi, olar: Abu-Dabi, Amritsar, Almaty, Bankog, Birmengem, Deli, Dubaý, Kiýew, London, Moskwa, Minsk, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg, Frankfurt we Brno.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy  tarapyndan howa gämileriniň tehniki taýdan gurat ýagdaýyny degişli  derejede saklamak üçin gaýragoýulmasyz işleri geçirilýär. Bu öz gezeginde gullugyň ýerine ýetirilýän gatnawlarynda uçuşlaryň howpsuzlygyny has ýokary derejede bolmagyny üpjün edýär. Muňa bir mysal edip, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýerli gatnawlarynda esasan ulanylýan “Boeing-717-200” kysymly 7 sany uçarlaryndan, hatardan çykan 5 (bäş) sany uçarlaryny öz wgtynda doly abatlamak we uçuşlarda ulanmak boýunça işlerini belläp geçip bileris.

2012-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häzirki aeroportynyň çäklerinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde täze howa menzilleriniň gurluşygynyň potratçylaryny kesgitlemek boýunça Halkara bäsleşikleri geçirildi. Netijede, 2013-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda  Aşgabat şäheriniň häzirki aeroportynyň çäklerinde 2016-njy ýyla çenli gurulyp tabşyryljak we bir sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze howa menziliniň gurluşygynyň hem-de 14-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bir sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan täze howa menziliniň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Şol bir wagtda, Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde hem täze howa menzil toplumynyň gurluşygynyň taslamalaryna seredilýär.

Şeýle hem, Daşoguz şäheriniň aeroportynda 3800 m uzynlykda yşyklandyrylan emeli uçuş-gonuş zolagynyň we öwrüm ýollarynyň gurluşygy, olaryň uçuşlaryň üpjünçiliginiň ýerüsti enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, bar bolan perronyň durkuny özgertmeklik we perronda howa gämilerini ýangyç bilen doldurylýan merkezleşdirilen bekediň gurluşygyny ýola goýmak boýunça gurluşyk işlerine ýakyn wagtda başlamak göz öňünde tutulýar.

2013-2015-nji ýyllar aralygynda müşderlere edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek üçin,  Aşgabat şäherinde Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň täze binasyny gurmak hem bellenildi.

 “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň halkara ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryň ählisinde ýolagçy awiapeteklerini ýerlemekligiň elektron görnüşi doly ýola goýuldy. Şeýle hem 2013-nji ýylyň dowamynda elektron awiapetekleri ýerlemegiň ikinji tapgyrynda elektron awiapetekleri Internet aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen satmaklygy ýola goýulmaklygy hem göz öňünde tutulýar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy halkara awiasiýa guramalary bilen sazlaşykly işlemegini gurnamagyň çäklerinde, 2013-nji ýylda IATA (Halkara howa gatnawlary assosiasiýasy) agzalygyna girmek boýunça işler alynyp barylýar.

 “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, awiasiýa  işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ilkibaşlangyç taýýarlyk okuwlaryny we täze maksatnamalar boýunça Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde, türkmen döwleti dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Bu ugurda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm oruny tutýar. Milli raýat awiasiýamyzyň howa ulaglary hyzmatlarynyň dünýä bazaryna goşulmagy bilen, daşary ýurtlarda biziň döwletimize wekilçilik edip, halkara bileleşigini ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasaty bilen tanyşdyrmaga hem öz goşandyny goşýar. Bu bolsa, türkmen awiatorlarynyň işiniň örän jogapkärlidigine hem-de hormatlydygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Biziň Hökümetimiz we halkymyz türkmen awiatorlaryň alyp barýan asylly işlerine ýokary baha berýärler.