СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии Сегодня, 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества Сегодня, 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта Сегодня, 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США Сегодня, 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане Сегодня, 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС Сегодня, 10:47

Galla garaşsyzlygy
18 Июль 2014 г., 17:12

 

Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň gülläp ösmeginde ekerançylygyň uly orny bar. Dünýä boýunça gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanýan Türkmenistanyň çäginde irki döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň esasy hünärleriniň biri bolan daýhançylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýylsaýyn gowy netijelerini berýär. Göksüýri we Jeýhun medeniýetleri ekerançylygyň gadymy yzlaryny belli etdi. Türkmenistan döwletimiz 5 müň ýaşly ak bugdaýyň mekany.

Türkmen halkynyň ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormaty, gadyr-gymmaty özboluşly. Türkmen öýüne myhman gelende öňi bilen oňa saçagyny ýazyp, duz-çörek hödür edýär. Uzak ýola rowana bolan kişi ýoldaşlyk üçin ýanyna çörek alýar. Maşgala binýadynyň ilkinji basgançaklarynda, gudaçylyk gatnaşygy açylanda ilki bilen çörekli saçak eltilýär. Täze jaýa göçülip barlanda ilki bilen  duz-çörekli barylýar. Halkymyzda hiç wagt çöregiň harlanmagyna ýol berilmeýär. Olar atdanlykda ýere gaçan çörek bölegini emaý bile galdyryp, üç gezek maňlaýa degrip, ýanyna alýar.Çöregiň mukaddesligi ene mukaddesligi bilen deňeçerdir. Çöregiň ýerini hiç bir önüm tutup bilmeýär. Bu gün türkmen desserhanyna her dänesi gadyr bolup giren ak bugdaýyň harman çäji beýgelýär. Türkmen ojagynyň rysgal-berekediniň mukaddes duzy bolan bugdaý çöregi saçaklarymyza dolýar.

Häzirki günlerde bugdaýly meýdanlaryny synladygyňça kalbyň joşýar. Bugdaýly bereketli meýdanlar Günüň nury siňen altynsöw öwsüp, deňiz kimin tolkun atýar. Bugdaý sümmülleriniň ygşyldysy, däneleri dym-dykyz bugdaý başlary, aňyrsyna göz ýetmez türkmen sähralaryny tutup ýatyr.Öňki döwürlede aýyň ýagtysyna oba adamlarynyň toparlanyşyp elde orak bilen orýan bugdaýyny indi täze tehnikalar bilen az salymda orýarlar.

Günsaýyn ösýän diýarymyzda oba hojalyk ulgamy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Watanymyzda  oba hojalygyny düýpli özgertmek we ösdürmek, oba hojalyk pudagyny  has-da kämilleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyny galkyndyrmak barada  kabul edilen taryhy çözgütler, pudagyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, önümçilik – ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Onuň esasynda Türkmenistanyň daýhan birleşikleri we daýhan hojalyklary hakyndaky kanunlary durýar. Bu kanunlar daýhan birleşiklerini we daýhan hojalyklaryny döretmegiň esasy ýörelgelerini, olaryň işiniň ykdysady, hukuk hem-de durmuş esaslaryny kesgitleýär we oba hojalyk önümçiligini artdyrmak, daýhanlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oba ýerlerinde ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak boýunça esasy hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Döredilen ajaýyp mümkinçilikler halkymyza, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, gurmaga, toprakdan bol hasyl almaga we eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan şert döredýär. Oba hojalygynyň esasy ugurlary diňe bir azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak bolman, eýsem,  pudagyň önümlerni gaýtadan işlemek we olaryň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirip, dünýä bazarlaryna çykarmakdan ybarat.

Oba hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ulgamlaryň hatarynda ilatyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakdan, gaýtadan işleýän pudagy çig mal bilen üpjün etmekden, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we täze hojalyk gatnaşyklaryny kemala getirmekden şonuň esasynda-da   ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakdan ybarat.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge daýhan birleşiklerini we fermer hojalyklaryny, telekeçilik başlangyçlaryny döwlet tarapyndan goldamaga, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberini durnukly artdyrmaga gönükdirilen täze oba hojalyk syýasaty yzygiderli hem-de maksadaokgunly durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda edilmeli işleriň, ýetiljek sepgitleriň sanawy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň    2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda aýdyň görkezilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni-durmuş ähmiýetli gurluşyklar hem giň gerimde amala aşyrylýar.  Olaryň yzly-yzyna gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň  obalaryny we şäherlerini düýbünden özgerdýär. Bu maksatnamadan ugur alnyp gurulýan desgalar, obalarda we şäherlerde adamlaryň asuda ýaşamagy hem-de halal zähmet çekmegi üçin amatly şertler döretmek, ilata medeni taýdan ýokary hilli hyzmaty amala aşyrmaga niýetlenendir.

Türkmenistanyň ХХ Halk Maslahatynda kabul edilen kararlar durmuşa geçirilip, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasyna degişli traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny daýhan birleşiklerine üýtgewsiz berkitmek, biziň şertlerimize laýyk gelýän tehnikalary almak ýola goýuldy.

Owazasy äleme ýaň salýan Berkarar döwletimizde bagtyýar türkmen halkyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, gurmaga, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet çekmek bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda öndürilýän bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, dünýäniň ösen tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilip durulmagy, tehniki hyzmatyň, tohumyň, döküniň ýerlikli bahadan berilmegi, tarp ýerleriň özleşdirilip, täze ekerançylyk ýerleriniň açylmagy mukaddes türkmen topragynyň hasyllylygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirdi.

“Zer gadyryny zergär biler” diýlişi ýaly, daýhanlarymyzyň bu ugurdaky düşünjeleri ýeterlik. Olary diňläniňde ýeriň medeniýetini – ýeri tekizleýişleri, sürüşleri, ekişden öň hasyla hasyl goşýan fosfor dökünini sepip, ekişden soň bolsa, wagt ýitirmän, ilkinji gögeriş suwuny, karbamid döküp, ösüş suwuny tutuşlaryny, netijede bolsa her gekdardan 35 sentnerden başlap, 60 sentnere we ondan-da ýokary hasyly alyşlaryny gürrüň berýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen bu ýylyň galla oragyna hem ak pata berildi. Obasenagat toplumynyň işleri we ony döwrebap ösdürmek barada aýratyn bellenildi. Möwsümleýin oba hojalyk däne oragyny göwnejaý gurnamak, ýer eýeleri tarapyndan düýbi tutulan bol hasyly isripsiz ýygnamak, onuň üçin gerek bolan tehniki enjamlardan peýdalanmak, könelişen tehnikalary hasapdan öçürmek we olary hiç hili tölegsiz daýhanlara bermek, gerekli täze enjamlary bolsa satyn almak, tehniki enjamlar üçin gerekli bolan şaý-sepli dukanlar açyp, oňa telekeçileri çek işleri giňden ýola goýuldy.

Häzirki wagtda Watanymyz bary-ýogy 70 mün tonna galla öndürýän, bu ugurda yzagalak  ýurt bolandygyndan häzirki döwürde öz azyk howpsuzlygyny doly üpjün edýän kuwwatly döwlede öwrüldi we öz öndüren gallasyny dünýä bazarynda  satyp başlady.

Türkmen topragynda ýetişýän bol bugdaý hasyly daşary ýurtlaryň hem saçagyna barýar. 2010-njy ýylyň hasylyndan bugdaýyň daşky bazaraTürkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen 150 müň tonnasy ýerlenildi. 2011-nji ýylda bu san 300 müň tonna ýetiridi. Ol görkeziji ýyl saýyn artdyrylýar. Bu ýyl ol görkeziji has hem artar. Indi biziň ýurdumyz daşary ýurtlara azyklyk dänäni ugradýan ýurtlaryň biri  boldy. Bu ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň ýolundaky ýene-de bir aýgytly ädim boldy. Halkymyz  bu işler üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýar.

Bugdaý öndürýän toprak keramatdyr, bugdaý ekýän halk umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşýan, belent mertebeli, ykdysady taýdan garaşsyz, ýokary derejeli millet hökmünde özüni dünýä tanatdy. Ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen sahawatly hem-de buýsançly çözgütler bu günki gün halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýar hem-de döwletimiziň şöhrat-şanyny dünýä ýaýýar. Babadaýhanlarymyzyň döwlet harmanyna öňde goýlan maksatnama borçlaryny berjaý  etjekdiklerine şek-şübhesiz ynanýarys. Çäjiňe bereket! Türkmen daýhany! Goý, halkynyň eşretli durmuşda, bolçulykda ýaşamagy üçin  gije-güdiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Saçaklaryňyz ak bugdaý unundan bişirilen  türkmen çöreginden dolup-daşsyn!