Ýurdumyzda ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň depgini
29 Июнь 2013 г., 10:21
Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwlet derejesinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly üns berilýändigini duýsa bolýar. Döwlet baştutaany 2010-njy ýylyň maýynda Türkmenistanda gurluşyk işlerini edýän firmalara, hatda lisenziýasy bolmadyk toparlara jaý gurluşygyny etmäge uly mümkinçilik berýän Karara gol çekdi. Bu Karar ýurdumyzyň iň uzak ýerlerinde ýaşaýan gurluşyk hünärmenleriniň islän ýerinde zähmet çekmegine uly şert döretdi. Şonuň üçinem häzir ýurdumyzyň islendik oba-şäherine barsaňam, şol ýeriniň ýaşaýjysy bolmadyk gurluşyk hünärmenleri topar bolup işleşip ýörler.
Türkmenistanda neşekeşlige garşy göreşiň üstünlikli bolmagy, kesilen pensiýalaryň dikeldilmegi, çagalara üç ýaşaýança posobiýe berilmegi, oba hojalynda daýhana girdeji alar ýaly belli bir şertiň döredilmegi, umuman ob-şäherlerde iş ýerleriň köpeldilmegi halkyň sosiýal ýagdaýynyň öňkülerinden tapawutly derejede gowlanmagyna getirdi. Halkyň sosiýal hal-ýagdaýynyň gowlanmagy ilatymyzyň ýaşaýyş jaý islegini hem has ösdürdi. Şonuň üçin diňe soňky bäş ýylda halkyň öz güýjüniň hasabyna guran ýaşaýyş jaýlarynyň Garaşsyzlyk döwrümiziň başky on ýedi ýylyndakydan has köp bolandygyny gurluşyk boýunça hünärmenler biragyzdan tassyklaýarlar.
Häzir ýurdumyzda ýaşaýyş jaý gurluşygy uly depginler bilen ösýär. 2007-nji ýyldan bäri Aşgabatda Parahat-5, 6, 7 ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagy bilen paýtagytymyzda täze etraplar emele geldi. Hatda Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabada Abadany we Aşgabat-Abadan aralygyndaky oba-şäherçeleri goşmak hakyndaky ýaňy-ýakynda çykaran Karary hem gözel paýtagtymyzyň tutýan meýdanyny has giňeldip, paýtagtymyzyň öňküdenem owadan edip gurmagy gözöňünde tutulýandygyna köpler şübhelenmese gerek.
Diňe paýtagtymyz Aşgabatda däl, beýleki welaýat, etrap merkezlerimizde, hatda uzakdaky oba-şäherçelerde hem ýaşaýyş jaý gurluşygy uly depginler bilen ösýär. Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda ýurdumyzda edilýän uly gurluşyklar daşary ýurt gurluşyk firmalary tarapyndan amala aşyrylan bolsa, soňky ýyllarda öz ýerli gurluşyk firmalarymyz hem hökümetiň tabşyrygy esasynda döwlet edara-kärhanalarynyň binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny hem gurýarlar. „Ahal“, „Arkaç“, „Aşgabat“ ýaly döwlete degişli gurluşyk firmalary bilen birlikde 50 ýakyn hususy gurluşyk firmalary döwlet ähmiýetli uly binalary, ýaşaýyş jaýlary hem gurup ýörler.
Mysal üçin, diňe „Esbap“ hususy gurluşyk firmasy edil häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeginde 540 we 400 orunlyk iki sany mekdep, 160 orunlyk çagalar bagyny, bir stadion, iki sany sport mekdebini, bir saglyk merkezini, 38 sany ýaşaýyş jaýyny gurup ýör. Ýuwaş-ýuwaşdan ýurdumyzyň ýerli gurluşyk firmalary hem tejribe toplaýar. Ýerli gurluşyk firmalarymyzyň gurýan jaýlarynyň daşary ýurt gurluşyk firmalarynyň gurýan jaýlaryndan has arzan bolýandygyny hem bellemek gerek
Türkmenistanda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, umuman edilýän gurluşyklaryň hiliniň örän pesdigi hakynda aram-aram daşary ýurt metbugatynda internet saýtlarynda makalalar çap edilýär. Dogry, Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda biziň tejribesizligimizden peýdalanyp, edilen gurluşyklaryň hiliniň pes bolan ýerleri az bolmandy. S. Nyýazow 2002-nji ýylyň martynda „Buig“ fransuz firmasynyň ýolbaşçysyna „Prezident“ köşgüni gurmakda hem belli bir harsallyga ýol berendigini aýdyp, öz nägileligini bildiripdi. Şonuň üçin ýurdumyzda gurulýan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň dürli sebäpler bilen hiliniň pes gurlan ýerleriniň bolandygyndan türkmen hökümetiniň habarly bolup, edýän gurluşyklarynda harsallyga ýol berenlere- goý, ol daşary ýurt ýa bolmasa ýerli gurluşyk firmamyz bolsun, olaryň ýolbaşçylaryna degerli çäreleriň görlendigini hem aýtmak isleýärin.
Häzirki döwürde Türkmenistanda gurulýän islendik binany, ýaşaýyş jaýlaryny döwlet tarapyndan ýörite döredilen topar kabul edip alýar, eger gurluşyk kadalaýyk edilmedik bolsa, ol bina döwlet topary tarapyndan kabul edilip alynmaýar. Türkmenistanda gurluşyk edýän firmalardan gurluşygyny bellenen möhletde gurup, hilli tabşyrmak talap edilýär. Gurluşyk firmalarynyň gurýan binalaryna, ýaşaýyş jaýlaryna ýörite gözegçilik edýän döwlet topary bar we her bir binanyň hilli hem wagtynda gurlup ulanylmaga berilmegi üçin degişli jogapkär ýolbaşçy bellenipdir.
Ýaşaýyş jaýyny satyn almak isleýän raýatlar bolsa özleriniň aljak jaýlaryny öňünden görüp, onda bar bolan kemçilikleri jogapkär ýolbaşçylara ýetirip bilýärler. Bu görlen çäreler gurlan ýaşaýyş jaýlarynda bar bolan kemçilikleri ýokary derejede azaltmaga ýardam etdi. Edil häzir ýaşaýyş jaýlaryny satyn alýan raýatlarymyz, esasan jaýyň hilinden däl-de, kommunal hyzmatyndan nägilediklerini dile getirýärler, çünki gurlan ýaşaýyş jaýlaryny suw, gaz, tok bilen üpjün etmek belli bir derejede wagt talap edýär. Aýratyn bellemeli ýagdaý, döwlet tarapyndan raýatlara gurup berilýän jaýlar birinji derejeli öý goşlary bilen üpjün edilen.
Gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahalary hakynda hem şulary aýtmak mümkin. Türkmenistanda halkyň gün-güzeranynyň belli bir derejede soňky ýyllarda gowlaşmagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy öňki ýyllardakydan ep-esli ýokarlandy. Ýöne heniz gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy gymmat diýip satylman galany ýok. Halkara ölçegine laýyk gelýän, daşary ýurt gurluşyk firmalarynyň Aşgabatda guran 150-200 inedördül metr jaýlary 200-300 müň amerikan dollaryna durýar. Ýöne oňa ýagdaýyň bolmasa 25-100 inedördül metre deň birküç otagly jaýlary satyn alsa bolýar. Ýerli gurluşyk firmalarymyzyň gurýan jaýlary daşary ýurt firmalarynyň gurýan jaýlaryndan her inedördül metri boýunça 30-35% arzan.
Mysal üçin, edil häzir ýerli gurluşyk firmalarymyzyň halkara ölçegindäki 100 inedördül metr bolan uly üç ýa kadaly dört otagly ýaşaýyş jaýlaryny 400 müň manada/140 müň amerikan dollaryna barabar/ otuz ýyllyk kreditine satyn almak mümkin. Eger nebit-gaz pudagynda işleýän bolsaň, satyn alnan ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň deň ýarysyny işleýän edarasy töleýär.
Edil häzir Aşgabatda bir otagly köne jaýlar 55-60 müň iki otagly jaýlar bolsa 80-100 amerikan dollar aralygynda nagt pula satylýar. Şol bahalara seredeniňde hem, häzirki gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň halkyň sosiýal ýagdaýyna laýyk gelýändigini duýsa bolýar. Elbetde, döwletimiziň ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň arzan, halka elýeter bolmagy üçin has aýgytly hereket etmegini isleýärsiň.
Häzir döwlet edara-kärhanasynda işleýän adamlar ýaşaýan ýeri boýunça haýsy wezipededigine garamazdan, işleýän bolsa arza berip, gurulýan ýaşaýyş jaýlaryndan otuz ýyllyk ýeňillikli şertde kredit bilen alyp bilýär. Aşgabat şäherinden beýleki ýerlerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy paýtagtymyzdaky bahadan ep-esli arzan. Mysal üçin, edil häzir Änewde gurlan iki gatly kottež jaýlaryň bahasy 280 müň/ 100 müň amerikan dollaryna hem ýetenok/ manat eken. Onuň ouz ýyllyk kreditine berilýändigi bolsa.hökümetiň raýatlara berýän uly ýeňildigidir.
Elbetde, edil häzir raýatlara mellek ýer bermekde belli bir bökdençlikler bar. Sebäbi täze ýaş çatynjalaryň tas hemmesi diýen ýaly özleriniň öwrenişen medeni zonasyndan mellek ýer alyp jaý gurmakçy. Medeni zonadan uzakdaky paýlanýan mellek ýerlerini almagy raýatlarymyz gaty kyn görýärler. Şonuň üçin medeni zonadan uzakdaky paýlanyljak bolýan mellek ýerlere suw, gaz, tok, ýol döwlet ýardamy bilen eltilse, şeýle hem medeni zonadan uzakda ýaşajak raýatlara belli bir ýeňillikler döredilip, olar höweslendirilse, ol ýerler hem tizden häzirkizaman şertde ilatly ýerlere öwrülerdi. Munuň üçin ýerli ýolbaşçylaryň aýgytly-döredijilikli tagallasy gerek.
Ýa bolmasa edil häzir oba hojalygynda işleýän daýhanlarymyz, çopanlarymyz girdejileriniň bardygyna garanazdan, otuz ýyllyk kredit bilen ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp bilmek mümkinçiligine eýe däl. Köp çagaly /hojalykda dört we ondan köp çagalylara/ hojalyklara hem ýaşaýyş jaýlaryny ýeňillikli şertde satyn almagyna ýa gurmagyna döwlet ýardamy berilse has gowy bolardy.
Raýatlarymyzy ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmekde belli bir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, hökümetimiziň ilatymyzy ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek üçin tagalla edýändigini duýmak kyn däl. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan „Ýaşaýyş jaý kodeksi“ güýje girýär. Bu Kodeksde raýatlarymyzyň ýaşaýyş jaýyny edinmegi hem öňden ýaşap gelýän jaýyny hususylaşdyrmagy üçin köp ýeňillikler döredilen. Şol sebäpli ýaşaýyş jaý gurluşygynda bar bolan kemçilikleriň hem kem-kemden ortadan aýryljagyna umut etse bolar.
Häzirki döwürde her bir etrapda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin ýerli gurluşyk firmalary açylyp başlandy. Ol gurluşyk firmalary ilatyň isleg-arzuwy, beren arzasy esasynda döwlet buýurmasy bilen ýerlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy meýilleşdirýärler. Mahlasy, geljek ýyllarymyzda ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi has hem gowlaşar, muňa şübhelenmese bolar.
Döwletmyrat Ýazkulyýew
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.