СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: На ГТСБ - Туркменистана закуплены ковры и продукция нефтехимии 04 Декабрь 2024 г., 11:07Туркменистан и Италия обсудили план многостороннего сотрудничества 04 Декабрь 2024 г., 11:05Президент Туркменистана отметил открытие выставки турецкого экспорта 04 Декабрь 2024 г., 10:57На торгах биржи Туркменистана проведены сделки на 47 млн. долларов США 04 Декабрь 2024 г., 10:52Новый посол Греции приступил к работе в Туркменистане 04 Декабрь 2024 г., 10:50Туркменистан был представлен на заседании Совета министров иностранных дел ОЭС 04 Декабрь 2024 г., 10:47

Goňşa goldow berjek gaz geçirijisi
19 Февраль 2014 г., 10:11

2010-njy ýylyň 8-12-nji noýabrynda Türkmenistanyň nebit gaz toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa bu transmilli gaz-transport taslamasyna gatnaşyjy ähli ýurtlaryň esasy hünärmenleri, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Hünärmenleriň şu duşuşygy TOPH-niň Ýolbaşçy Komitetiniň sentýabr aýynda Aşgabatda bolan 11-nji mejlisiniň jemleri boýunça ylalaşylan iş tertibine laýyklykda geçirildi.

Tehniki toparyň mejlisine gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, häzirki wagtda ägirt uly sebitleýin we halkara ähmiýetine eýe bolan TOPH taslamasyny çalt durmuşa geçirmek meselelerine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleri örän möhüm ähmiýet berýärler. Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan tebigy gazy Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzak möhletleýin ibermegi ýola goýjak bu transmilli taslamasynyň örän möhümdigini nygtap, onuň amala aşyrmaga gatnaşyjy ýurtlara täjirçilik taýdan peýda görmegi üpjün etmek bilen bir hatarda Aziýa sebitinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşe, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga hem kuwwatly itergi berer diýip ençeme gezek belläp geçi.

TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde ep-esli öňe gidişligiň 2010-nji ýylyň awgust we sentýabr aýlarynda Aşgabatda TOPH-niň Tehniki iş toparynyň we Ýolbaşçy Komitetiniň geçirilen mejlisleriniň barşynda gazanylandygyny ýatlap geçmek gerek. Hususan-da, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleri geljekki gaz geçirijiniň anyk tehniki we täjirçilik ölçegleriniň birnäçesini we tebigy gazy ibermegiň şertlerini ylalaşdylar.

Bu taýýarlyk işi netijesinde sentýabr aýynda TOPH-niň Ýolbaşçy Komitetiniň Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen 11-nji mejlisinde gaz geçirijini gurmak boýunça taraşlanan Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi. Dört ýurduň pudaklaýyn kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bolsa “Tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşyga teswirnama” atly goşmaça ylalaşyga gol çekdiler. Mundan başga hem Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleriniň arasyndaky TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky Ylalaşygyň nusgasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça uly iş geçirildi.

Häzirki duşuşyga gatnaşyjylar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde soňky aýlarda gazylan işgär öňe gidişligi belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu transmilli energetika taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly tagallalaryny nygtap geçdiler. Tehniki toparyň mejlisine gatnaşyjylar şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täsirli mehanizmi kemala getirmeklikde türkmen Lideriniň halkara başlangyçlarynyň ýokary derejede möhümdigini aýratyn nygtap, TOPH taslamasyna gatnaşyjy ähli ýurtlaryň umumy tagallalary bilen Aziýa sebitinde bu ägirt uly energetika köprisini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdiler.

Tehniki iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar 5 günüň dowamynda TOPH gaz geçirijisini gurmak hakyndaky hökümetara ylalaşygyň, gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşygyň, şeýle hem taslamany durmuşa geçirmegiň tehniki we täjirçilik meselelerine degişli beýleki birnäçe resminamalaryň gutarnykly görnüşlerini taýýarlamaga degişli anyk meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döwletimiziň energetiki kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, köpugurly ýangyç geçiriji infrastrukturany döretmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda şeýle iri ugurlaryň biri hem ägirt uly transmilli “Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyyň taslamasy bolup durýar.

Bu taslamanyň işiniň ilerlemeginde 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda taslama-gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda bolup geçen Sammitiniň barşynda bu gaz geçirijisini durmuşa geçirmekde ähmiýetli bolan resminamalar ylalaşyldy. Has takygy, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda TOPH gaz geçirijisi boýunça Hökümetara ylalaşyldy. Has takygy, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda TOPH gaz geçirijisi boýunça Hökümetara ylalaşyga we Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde Aziýanyň Ösüş Bankynyň ýardamy has bellärliklidir, çünki, ol TOPH taslamasynda maliýe meseleleri boýunça hyzmatdaş edilip saýlanyldy.

Taslama uzynlygy 1735 kilometr bolan bu ägirt uly gaz geçiriji öz nobatynda diňe energogöteriji bolman, eýsem taslama gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatlylygyny pugtalandyryjy bolup hyzmat eder. TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşen “Galkynyş” gaz käniniň tebigy baýlyklaryny Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli elter. Bu gaz geçiriji boýunça her ýylda 33 milliard kubmetre çenli gaz akdyrmak meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda taslama gatnaşyjy ähli ýurtlar degişli tagallalary edýärler. Çünki, türkmen tebigy gazy sarp ediji ýurtlaryň ählisiniň ykdysady mümkinçilikleriniň, senagatynyň ilerlemeginde möhüm ädim bolup durýar.

Bu ugurlarda Türkmenistan tarapy bilen bu ägirt uly taslama gatnaşyjy ýurtlarynyň wekilýetleriniň geçirýän yzygiderli önjeýli duşuşyklary hem ähmiýetlidir. 2012-nji ýylyň aprelinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň resmi döwlet wekilleriniň, has takygy Owganystan Yslam Respublikasynyň dag-magdan serişdeleri ministriniň hem-de Päkistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýurdumyzda resmi saparda bolmaklarynyň barşynda hormatly Türkmenistanyň Prezidenti baştutanymyz bilen duşuşmaklary we geçirilen gepleşikleriniň barşynda bar bolan onuň hyzmatdaşlyklaryň aýratyn alnan ugry hökmünde tutuş sebit ähmiýetli transmilli “Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň işjeňleşdirilmegi ugrundaky tagallalar bolup durdy. Bu taslama häzirki wagtda giň dünýä jemgyýetçiliginiň esasy üns merkezinde duran wakalaryň hataryndadyr.

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny halkara bilermenleriniň dili bilen beýan edilende, “Orta Aziýanyň uglewodorod geosyýasatyny” kemala getiriji hökmünde häsiýetlendirip bolar. Bu taslamada Türkmenistanyň esasy gatnaşyjy bolmagy bolsa, onuň häzirki döwürde özüniň energoakymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça öňde goýan maksatlaryny kemsiz amala aşyrýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolýar. Häzirki günde “Türkmenistan Hytaý”, “Türkmenistan Eýran” gaz geçirijileri arkaly türkmen tebigy gazy goňşy we dostlukly ýurtlaryň halklarynyň ojagyny ýyladýan bolsa, “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi öz gezeginde ýene bir gezek türkmen tarapynyň gaz eksportyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine uly üns berýändigini aýdyň görkezýär. Bu babatda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy tutuş sebitde oňynlyk we parahatçylyk atmosferasynyň höküm sürmegine itergi berer. “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş Aziýa sebitinde syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyny üpjün etmäge özboluşly goşant goşar.

Türkmenistan öz gezeginde bu taslamanyň üsti bilen Owganystanda parahatçylygyň höküm sürmegine we Orta Aziýa ýurtlary bilen owgan tarapynyň oňyn gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmegine ýardam edip biler. Türkmenistan özüniň goňşy ýurdunyň halkyna zerur bolan ynsanperwerlik kömegini we ykdysady goldawyny berýär. Bu bolsa iki ýurduň arasynda birek-birege bolan ynanyşmagyň has-da ýokarlanýandygyny görkezýär.

2012-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde ýangyç-energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek, aýratyn-da “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmeklik bolup durdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu gaz geçirijisini tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine düýpli täsir etjek, Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen gazyny akdyrmaga mümkinçilik berjek ägirt uly gaz magistraly hökmünde häsiýetlendirýär we TOPH taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýär.

Şeýle hem häzirki wagtda Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk ýörelgelerine doly ygrarlygynyň şaýady bolup durýar. Türkmenistan özüniň parahatçylyksöýüjilik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen global derejesindäki meseleleriň diňe parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözülmegine giňden ýardam edýär.

Nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalary durnukly durmuşa ornaşdyrmak bilen, Döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna we bu ugurda durmuşa geçirilýän anyk ädimlere, şol sanda sarp edişiň dünýä bazaryna uglewodorodlary daşamagyň köpugurly ulgamyny döretmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Bu bolsa, halkara işewürler toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge we Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine üstünlikli goşulyşmagynda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.