Ýollar dost – dogana barýar
18 Февраль 2014 г., 18:14
Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen deňhukukly syýasy, ykdysady gatnaşyk etmek üçin, döwlet derejesinde möhüm işleri amala aşyrýar. Şol möhüm işleriň birem Türkmenistanyň ýol gurluşygydyr
Türkmenistanyň diňe soňky bäş-alty ýylyň içinde gara we demir ýollaryň ýüzlerçe kilometrini gurmagy bilen, ýurdumyz ýerleşişi boýunça Ýewraziýanyň has möhüm çatrygyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz Ýewropa bilen Aziýany ygtybarly baglanyşdyrmak üçin Demirgazyk- Günorta üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýlelikde soňky dört-bäş ýylda Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryny birleşdiriji täze polat ýollaryň gurulmagy netijesinde Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa gysga we çykdajyny tygşytlamak usuly bilen ýük daşamak mümkin bolar..
Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň çäginden geçýän we bu ýurtlary birleşdirýän polat ýolunyň işe girizilmegi Ýewraziýada şu çaka çenli bölnen „Gündogar –Günbatar“ ýurtlarynyň ulag kommunikasiýasynyň birleşmegine, has dogrusy, Hytaý, Orta Aziýa, Kawkaz, Ýewropa üstaşyr ulag geçelgesiniň Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ulag ugry bilen sepleşmegine şert döreder. Eger döwletleriň arasyndaky syýasy päsgelçilik ortadan aýrylsa, onda ýakyn wagtda Günbatar Ýewropa, Gündogar Ýewropanyň, soňra Orsýetiň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üstaşyry polat ýollaryň üsti bilen Pars, Oman aýlagyna iň gysga ýollardan ýük daşamak we getirmek mümkinçiligine eýe bolar.
2014-nji ýylyň 20-nji martynda Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ýurtlarynyň arasynda ulag ugruny (marşurytyny) döretmek hakyndaky baglanyşylan dörttaraplaýyn Ylalaşyk güýje girýär. Bu dörttaraplaýyn baglanyşylan Ylalaşyk Ýewraziýanyň Gündogar – Günbatar ugrunda ýollaryň has gysgalmagyna, ýükleriň gatnaw çykdajysynyň görnetin arzanlamagyna şert döreder. Bu Ylalaşyga Katar döwleti hem uly gyzyklanma bildiýär. Eger Katar bu ylalaşyga goşulsa, Aziýa hem Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky aýlanyp barylýan uzak menziller 50-60 % golaý gysgalar. Biziň ýurdumyzyň hem gara, hem demir ýoluň üsti bilen Ýewropany-Aziýany birleşdiriji çatryk hökmündäki hyzmaty barha möhüm ähmiýete eýe bolýar..
Ýewropa – Kawkaz, Aziýa ulag ugry –Traseka taslamasyna Türkmenistanyň gatnaşmagy döwletara ykdysady bähbit bilen şertlenýär, çünki biziň ýurdumyzyň bu Ylalaşuga goşulmagy bilen Gündogar we Günorta- Gündogar Aziýa deňiz menzilindenÝewropanyň iri deňiz menziline çenli bolan aralyk hem, häzirkisi bilen deňeşdireniňde iki essä golaý gysgalar.
Geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Primer ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen Türkmenbaşy şäherinde täze häzirkizaman deňiz portunyň gurluşygyna ak pata berdi. Türkmenbaşy deňiz porty ýylda üç ýüz müň ýolagçynyň deňiz üsti bilen Türkmenistana gelip gitmegine ýol açar. Deňiz üsti bilen gelýän ýolagçylar Hazar deňziniň hakyky gözelligini birnäçe günüň içinde synlap bilerler. Bu bolsa Türkmenistanyň „Awaza“ syýahatçylyk ulgamynyň halkara ähmiýetini artdyrar diýsek, köpler ylalaşsa gerek. Türkmenistanyň häzirkizaman Türkmenbaşy deňiz gortuna eýe bolmagy bilen, Türkmenistana gelýän hem üstaşyr geçýän deňiz ýükleriniň möçberiniň ýakyn ýyllarda on esse köpelmegine umyt edilýär. Bu deňiz porty, Hazar, Gara deňiz, Baltika deňiz ýakalarynda ýerleşýän ýurtlaryň deňiz-derýa ýoly gatnaşygyny has-da pugtalandyrar.
Geçen ýylyň 20-nji martynda Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan demir ýoluny gurmak boýunça Memoranduma gol çekildi. Geçen ýylyň iýunyndan Türkmenistan öz territoriýasynda Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan demir ýoluny gurmak Ylalaşygyny durmuşa geçirip başlady. Bu üçtaraplaýyn döwletara demir ýol gatnawynyň açylmagy Owganystanyň, Täjigistanyň – Türkmenistanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa, Pars aýlagyna bökdençsiz, gysga ýol ugry boýunça çykmagyna şert döreder. Bu bolsa kynçylyk çekýän goňşy ýurtlaryň ykdysatiýetiniň belli bir derejede sagdynlaşmagyna goşant bolar. Mysal üçin, Täjigistanda häzir göz öňünde tutulýan polat ýollaryň ýokdugy üçin, soňky dört ýylda bu ýurtda demir ýol bilen ýük daşamak iki esseden gowrak azalypdyr. Emma Täjigistan agzalan demir ýolunyň gurulmagy netijesinde 2020-nji ýyla çenli polat ýollar bilen ýük daşalyşyny dört-bäş esse köpeltmegi meýilleşdirýär eken. Owganystana bolsa bu demir ýolunyň hereket edip başlamagy netijesinde taryhda ilkinji gezek polat ýoluň üsti bilen Türkmenistandan üstaşyr beýleki Orta Aziýa ýurtlaryna, Orsýete, Gündogar Ýewropa, Pars aýlagyna çykmaga şert döreýär.
Türkmenistan Ýewraziýanyň möhüm çatrygyna öwrülmek tagallasyny ýurdumyzyň içindäki ýollaryny gurmak, abatlamak işi bilen utgaşdyryp uly gerimde alyp barýar. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Aşgabat- Atamyrat (Kerki), Aşgabat- Daşoguz we käbir beýleki demir ýollarymyz gurlup ulanylmaga berildi. Gazagystan, Türkmenistan, Eýran demir ýol ulgamyny birleşdirmek üçin Balkan welaýytynyň içinden uzynlygyna gurlan polat ýol ýurdumyzyň iň uzak Günbataryny, Gündogary bilen birleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda gurlan gara ýollar ylmyň çalt depginler bilen ösjegini hasaba almandy. Şonuň üçin ol zaman gurlan gara ýollar 10-12 tonna ýüki götermäge niýetlenendi. Häzir ylmyň ösmegi bilen gara ýollarymyzy 70-80, hatda 100 tonna ýüki götermäge ukyply edip gurmak zerurlygy orta geldi. Şeýlelikde pes ýük göterjilikli gurlan ýollarymyz ylmyň häzirki ösen şertinde, agyr tehnikalaryň hereket edip başlamagy netijesinde tiz zaýalandy. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan ýurdumyzyň içinde hem gara ýollaryň gurluşygyny uly depginler bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň iň uzakdaky obalarynda hem gara ýollaryň täzeden çekilýändigini, bolmanda öňki bar bolan gara ýollaryň abatlanýandygyny ýerli ýaşaýjylarymyz gözleri bilen şaýat bolýarlar.
Türkmenistanyň gara ýolunyň merkezi hökmünde Aşgabadyň Demirgazyk-Gündogarynda Aşgabat- Daşoguz ulag ýolunyň ugrunda, paýtagytymyzyň Gündogar bazaryna hem Änewe alyp barýan ýoluň çatrygynda halkara derejeli ulag menziliniň gurluşygy 2012-nji ýylyň dekabrynda badalga aldy. Bu halkara derejeli ulag menzili alty gektar meýdany tutýar. Onuň daş keşbi awtoulagyň roly gönüşinde bolup, ol halkara ulag menzili bir sutkada iki müň ýolagça hyzmat etmäge niýetlenipdir.
Bu halkara ulag menzilinden ýurdumyzyň dürli künjegine, şol sanda häzire çenli bolmadyk Serhetabat, Etrek, Mollagara, Bereket, şäherlerine, „Awaza“ syýahatçylyk ulgamyna göni awtobus gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerden halkara demir ýoluna, Howa menziline nomerli awtobus we taksi gatnawy bolar.
Bu halkara ulag menziliniň açylmagy bilen Türkmenistandan- Aşgabatdan, Ermenistana, Eýrana, Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Türkiýä awtomobil ulagy bilen gitmek mümkinçiliginiň boljakdygyny hem aýtmak gerek.
Bu halkara ulag menzilinde ýolagçylaryň, hatda onda işleýän işgärleriň hem oňaýly dynç almagy üçin ähli şertler dörediljegini hem bellemelidiris. Bu ýere gelen adamlar internet we beýleki häzirkizaman hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün ediler. Myhmanhana, kafe, restoran, sport bilen gyzyklanýanlar üçin dürli görnüşli sport desgalary bu ýere gelenleriň hyzmatynda bolar. Ulagly gelen adamlaryň awtomobil goýmagy üçin ýörite ýer, pyýada ýolagçylaryň taksi tutmagy ýa-da awtobusa münmegi üçinem aýratyn bellenen ýerler bar ekeni. Hatda bu halkara ulag menzilinden Aşgabatda 2017-nji ýylda geçjek olimpiýa oýnunyň geçýän şäherjigine göni awtobus, taksi gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilipdir. Mahlasy, bu halkara ulag menziline gelip, ýurdumyzyň içki künjegine gitjekmi ýa daşary ýurda barjakmy, ýa-da şol ýerde ýatjakmy?! Haýsy niýetde bolsaň, şony amal etmäge şert döredilmek üçin uly işler edilýär eken.
Häzirki wagtda paýtagytymyzda gurulýan täze halkara Howa menziliniň açylmagy bilen ýurdumyzdan Aziýanyň möhüm şäherlerine, Günbatar Ýewropa, hatda Afrika, Amerika, Awstraliýa materiginiň ýurtlaryna, olaryň has möhüm şäherlerine göni gatnawy ýola goýmak meýilleşdirilýär eken. Garaz, Türkmenistan ýakyn ýyllaryň içinde dünýä halklarynyň iň gelim-gidimli ýurduna öwrüler.
Türkmenistan geljek ýyllarda dünýäniň çar künjeginden ýagşy niýetli myhmanlary garşy almaga ählitaraplaýyn taýynlanýar. Munuň üçin häzirki günlerimizde Aşgabadyň demirgazyk-gündogarynda Halkara gümrük terminaly gurulýar. Täze Halkara gümrük terminaly hzirkizaman desgalarynyň tutuş toplumyny, iki sany üç gatly edara ediş binalaryny dürli görnüşdäki ýükleri saklamak üçin ýapyk ammarlary, birnäçe ýöriteleşdirilen meýdançalary , ýükleri bir ulagdan beýleki ulaga geçirmek üçin meýdançalary, iri göwrümli konteýnerleri düşürmek üçin meýdançalary, ýerli awtoulaga hem ýörite tehnikalara niýetlenen açyk duralgalary, hojalyk jaýlaryny, myhmanhanalary, naharhanalary, barlaghanalary öz içine alýar.
Halkara gümrük terminalynyň gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (RU) talaplaryna doly laýyk gelýär. Halkara terminalyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkara ýük daşamalaryň Kitapçasyny peýdalanmak arkaly Bütindünýä guramassy tarapyndan kabul edilen gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak hakynda Kioto Konwensiýasynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berer.
Türkmenistanda gurulýan demir ýollar, gara ýollar, täze halkara Howa menzili, Halkara ulag menzili, hatda „Awaza“ syýahatçylyk ulgamy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýanyň nobatdaky Olimpiýa oýnunyň geçjek Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy edil bir bagda ýetişýän miwe ýaly anyk bir maksada gulluk edýär. Olaryň bary Türkmenistanyň dünýä gatylyp-garylmagy üçin edilýän ýagşy işlerdir, bimöçber gurluşyklardyr.
Türkmenistan geljekki göz öňünde tutýan ykdysady ösüşinde dünýä ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşygy edip, dünýä çykmak, ähli halklar bilen açyk, aýdyň gatnaşyk etmegi maksat edinýär. Şol sebäplem Türkmenistan milli, uly ýol gurluşygy bilen öňe barýar, Sebäbi gurulýan ýollar dost – dogana barýar.
Döwletmyrat Ýazkulyýew.
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri