Daýhan hojalygynyň ugry hanjak?!
29 Январь 2014 г., 16:06

Islendik ýurtda oba hojalygy iň wajyp önümçilik ugurlaryň biridir. Daýhanlara ýerini-suwyny, öndürýän emlägini hususyýetiçilige bermegiň, oba hojalygyny hususylaşdyrmagyň önümçiligi ýokary derejede ösdürýändigi dünýäde subut edilen hakykat. Emma oba adamlaryny hususylaşdyrmak prosesine taýýarlamazdan, oba hojalygyny hususylaşdyrmagyň peýda getirmejekdigini bellemek gerek.
Ýadymyzda bolsa, SSSR zamanynda Orta Azaiýa halklarynyň feodalizmden, kapitalizmi görmän, jemgyýetiň deňhukukyllygyna esaslanýan sosializme bolşewikleriň tagallasy bilen geçendigi aýdyllaýardy. Emma hakykat ýüzünde, islendik halk bir jemgyýetçilik gurluşyndan, başga bir jemgyýetçilik gurluşyna geçende, halkyň jemgyýetçilik aňyny, döwrüň emele getiren şertini hökman hasaba almaly. Eger şeýle edilmedik halatynda jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda baýlyk boýunça uly tapawut döräp, onuň erbet netijelere getirmeginiň mümkindigini unutmak bolmaz.
SSSR zamanynda daýhanlar zorlukly ýagdaýda birleşdirilip, emeli daýhan hojalygy-kolhozlar döredilipdi. Munda daýhanlaryň näme ekmelidigi, näçä satmalydygy, mahlasy, oba hojalygynyň ähli ugry döwlet tarapyndan kesgitlenýärdi. Şeýlelikde, döwletiň planly ykdysatiýetine doly tabyn edilen daýhan diňe ýokardan berilýän buýrugy ýerine ýetirmek bilen meşgullandy. Daýhanyň döredijilik ukuby doly elinden alyndy. Planly ykdysadyýete tabyn edilen üç nesili çalyşdy. Haçan-da SSSR dargap, ýerler maşgala kärendeçiligine berlip başlananda, daýhanlaryň köne planly ykdysadyýete esaslanýan oba hojalyk durmuşyny küýsänleri az bolmandy.
Garaşsyzlyk zamanamyzda geçen 22 ýyl daýhanlaryň aňyny hem zamana görä özgertdi. Bu günki gün iň uzak obamyzda ýaşaýan daýhanlaram indi planly ykdysatiýete esaslanýan kolhoz durmuşynyň gaýtadan döredilmejekdigine doly akyl ýetirýärler. Islendik daýhanam ýurdumyzda oba hojalygynyň ýakyn ýyllarda hususylaşjagyna düşünip başlady.
Türkmenistanyň Baş kanunynda döwletimiziň ykdysatiýetiniň bazar ykdysatiýetine esaslanýandygy anyk şöhlenendirilen. Diýmek, uzakmöhletleýin döwri alanyňda, ýurdumyzyň ýeňil, dokma senagaty, oba hojalygy dolulygyna hususylaşdyrylar. Halkyň durmuşyna düýpleýin täsir etjek agyr senagat, esasanam, nebit-gaz önümçiligi döwlet eýeçiliginde bolar. Bu dogry saýlanyp alnan ykdysady ugur. Sebäbi nebit-gaz önümçiliginiň döwlet eýeçiliginde bolmagy halkymyzyň umumy eýeçilikdäki Milli baýlygyny raýatlarymyzyň deň şertlerde peýdalanmagyna şert döreder. Munuňam üstesine ilatymyzyň kömege mätäç gatlagyny- maýyplary, ýetim-ýesir çagalary, köpçagalylary, garrylary zerur döwlet kömegi bilen üpjün etmäge maýa ýetmezçiligi bolmaz..
Kabul edilen Kanun esasynda ýurdumyzyň senagat önümçiliginde hususylaşdyrmak düzgüni şu ýylyň ikinji ýarymyndan güýje girýär. Emma ýurdumyzyň oba hojalygyny hususylaşdyrmakda „Ýedi ölçäp bir kesmek“ dogrudyr. Sebäbi biziň ýurdumyzda ýer ýeterligem bolsa suw uly mesele. Hatda tarp ýerlerimizi özleşdirmäge edil häzir köp daýhanyň güýji hem ýetmez. Şonuň üçin edil häzirki döwürde ýeri daýhana uzakmöhletleýin kärendesine ýa-da ulanmaga bermek iň dogrusydyr. Şu maksatdan ugur alnyp, 2013-nji ýylyň 18-nji noýabrynda „Daýhan hojalygy hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny metbugatda çap edilip, şol gündenem güýje girdi. Bu Kanuny daýhany hususyýetçilige geçirmegiň geçiş döwri diýip atlandyrylsa dogry bolar.
„Daýhan hojalygy hakyndaky“ Kanun bäş bapdan hem 24 maddadan durýar, her madda bolsa takyk beýan edilýän 3-4 hatda 5-6 bölümçeden durýar. Täze Kanuna görä, daýhana ýer ýörite Ýer gaznasyndan ulanylmaga, ýa-da daýhan birleşikleriniň, beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden kärendesine berler. Ýöne haýsy ýagdaýda daýhana ýer berlende-de, daýhana 10 ýyldan az möhletde ýer bermek gadagan. Bu bolsa daýhan hojalygyna ýeri uzakmöhletleýin beriljekdigini aňladýar.
Daýhan hojalygy oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgala tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasy bolup durýar. On sekiz ýaşa ýeten raýatymyz daýhan hojalygynyň agzasy bolup bilýär. Tas ýüz ýyllyk arakesmeden soň, ilkinji gezek. Täze Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, daýhan hojalygy döwletimizde ýuridik tarap hökmünde hasaba alynýar. Daýhan hojalygynyň işini özbaşdak ýöretmäge Kanunyň 11-nji maddasy esasynda hukugy bar. Daýhan hojalygy azyndan on ýyl kärendesine ýa-da ulanmaga alan ýerini edil hususy ýeri ýaly ulanmaga hakly. Mysal, 11-nji maddanyň 3-nji bölümçesiniň 2-nji böleginde „Ýerden peýalanjynyň razylygy bolmazdan, daýhan hojalygynyň ýerlerinde aw awlamak,, balyk tutmak, tebigatyň önümlerini (kömelekleri, ir-iýmişleri we beýlekileri) ýygnamak işine ýol berilmeýär“ diýlip, anyk ýazylypdyr.
Daýhan hojalygynda miras almak-bermek hukugy hem gözöňünde tutulandyr. Kanunyň 15-nji maddasynda daýhan hojalygynyň emläginiň, onuň hojalyk işiniň döwlet tarapyndan goralýandygy kepillendirilen . Döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň daýhan hojalygynyň işine gatyşmaga haky ýok. Kanunyň 21-nji maddasynda kepillendirilişi ýaly, döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daýhan hojalygynyň işlerine gözegçilik edip bilýärler.
Kanunyň 15-nji maddasynyň 6-nji bölümçesinde „Döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer bölegini almak barada aýratyn zerurlyk ýüze çykan halatynda daýhan hojalygyna deň derejedäki ýer bölegi bellenilen tertipde berilmelidir, şeýle hem ýitirilen peýdanyň öwezini ýer bölegini alýan tarap dolmaga borçludyr.“ diýlip ýazylan. Şeýlelikde daýhan hojalygy kanun esasynda peýdalanylan halatynda, onuň haýsydyr bir bikanunçylyk esasynda daýhandan alynmajakdygyna doly döwlet kepilligi bar.
Daýhanyň borjy Ýeri kanun esasynda ekologiýa, ýere, jemgyýetçilik durmuşyna, beýleki daýhan hojalygyna zyýan ýetirmän ulanmakdan ybarat. Daýhan hojalygy bellenen maksada görä ulanmaga, şertnama boýunça boýun alan önüm borçnamasyny ýerine ýetirmäge hem borçly.
Kanunyň 4-nji maddasynda „Daýhan hojalygynyň öndürýän önümi, kärendeçi daýhan hojalygynyň şertnamadan artyk öndüren önümi öz ygtyýarynda galýar we ol önümleri erkin bahalar bilen özbaşdak ýerleýär“ diýip, anyk ýazylan. Diýmek, daýhanlar daýhan hojalygyny döredip, bu gün bolmasa ertir özbaşdak önüm ýerlemegi hem öwrener. Bu bolsa olaryň geljekde hususy mülk eýeleri bolmagyna aň taýarlygy diýsek, köpler ylalaşsa gerek.
„Daýhan hojalygy hakyndaky“ Kanunda ulanmaga ýa-da kärendesine berlen ýerler maksadalaýyk ulanylmasa, yzyna hem alnyp bilinýär. Eger daýhan hojalygy köpugurly bolsa diňe onuň maksadalaýyk ulanylmadyk böleginiň yzyna alynýandygy bellenen. Bu hem Kanun taýýarlananda halkara ölçeglerine laýyk etmek üçin zähmet çekilendigini görkezýär. Kanunyň 18-nji maddasynda döwlet daýhan hojalygyna uzakmöhletleýin ýeňillikli kredit bermäge, daýhanlary goldamaga borçlanýar. Daýhan hojalygyna döwlet ýardamy kepillendirilýär. Daýhan hojalygyny ýöretmegiň, onda agza bolman işlemegiň düzgünleri hem Kanunda anyk görkezilen. Daýhan hojalyklarynyň kanun esasynda jemgyýetçilik birleşmelerine birleşip bilmekleri Kanunyň 20-nji maddasynda kepillendirilýär. Bu bolsa olaryň hukuklaryny birleşip gorap biljekdiklerini hem alamatlandyrýar
Edil häzir daýhanlary ýeri-suwy husyýetçilige bermäge taýynlamak iň wajyp meseledir.. Uzakmöhletleýin alanyňda, ýurdumyzyň her bir daýhany öz mümkinçiligine görä, ýer mülküniň eýesi bolar. Ýöne şu günki gün her bir daýhany-raýatymyzy närazy etmezden, daýhana ýeri hususy mülki edip nähili bermeli?! Şu sowal bu pudaga dahylly her bir adamy oýlandyrýan bolsa gerek. Döwletimiz bolsa bu sowaly oňyn, jemgyýetiň gatlaklarynyň ylalaşmagy esasynda çözmäge borçly.
Şu günki gün jemgyýetçilik aňy daýhany hususy ýerli etmegi oňlaýanam bolsa, ony nähli etmegiň düzgünini bilenok. Iň bärkisi halkymyzyň düşünjesine görä, daýhana hususy ýer bermegiň aýdyň düzgüni döwlet derejesinde indi işlenip düzülmeli. Munuň üçin halkara tejribelerini öwrenmek hem ony halkymyzyň aň mentalitetine laýyklap, durmuşa ornaşdyrmak zerur. Munuň üçin bolsa wagt gerekdigi düşnüklidir.
„Daýhan hojalygy hakyndaky“ Kanunymyz kagyz ýüzünde galman, doly güýjünde işlese, ýene on-on bäş ýyldan jemgyýetiň, şol sanda daýhanyňam ýeri hususyýetçilige almaga aň, baýlyk mümkinçiliginiň doly bişişjekdigine şübhelenmese bolar. Şonuň üçin „Daýhan hojalygy hakyndaky“ täze Kanunymyzyň gysgadan, düşnükli bolşy ýaly, ol Kanunyň oba hojalyk durmuşyna ornaşyp, daýhany baýadyp, ony hususy mülk eýesi etmäge taýynlaşjak Kanun boljagyna umut edýäris.
Döwletmyrat Ýazkulyýew
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty.