СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Посол Туркменистана Шадурды Мередов поучаствовал на конференции в Термезе Сегодня, 12:21В ИМО МИД Туркменистана прошла конференция в области транспортной дипломатии Сегодня, 12:16В Ашхабаде обсудили развитие торгово-экономических связей с Австрией Сегодня, 12:12Туркменистан и Республика Корея обсудили перспективы развития сотрудничества Сегодня, 12:10Музей Махтумкули Фраги как хранитель культурного наследия Сегодня, 11:20Город Аркадаг впервые примет Международный конкурс красоты ахалтекинских коней Сегодня, 10:59

Türkmenistanda internetiň 4G LTE ulgamy
23 Декабрь 2013 г., 16:16

4G LTE diýmek nämäni aňladýar? 4G LTE — diýlip atlandyrylyşynda 4G (iňlisçe fourth generation) dördünji nesliň ulgamydygyny aňladýar. 4G ulgamlaryna maglumat berijileriň giňeldilen mümkinçiliklerine eýe bolan geljegi bar ulgamlar degişlidirler. LTE (iňlisçe longterm evolution) — bu UMTS-iň kämilleşdirilen akyl standartynyň aňlatmasydyr. LTE standarty häzirki günde barbolan iki standartyň biri we geçirijisiz aragatnaşygyň dördünji nesliniň talaplaryna doly jogap berýän hökmünde elektrik aragatnaşygyň Halkara bileleşigi tarapyndan tassyklanyldy. Şeýlelik bilen, 4G LTE — bu jebis aragatnaşygyň dördünji neslindäki ulgamlaryň maglumatlaryny iň ýokary tizlikde bermegiň tehnologiýasydyr.

Ilkinji nobatda tizlik! 4G LTE-niň dördünji nesliniň ulgamy jebis gurluşlar bilen deňsiz-taýsyz ňýokary tizlikde internede girmäge mümkinçilik berer. 4G LTE ulgamy üçin binýatlaýyn stansiýadan jebis terminala maglumatlary geçirmegiň dabaraly ýagdaýda beýan edilişiniň tizligi 100Mbit/s, şol bir wagtda 3G-niň öňki nesli hökmünde HSDPA protokoly boýunça tizligiň 7.2Mbit/s nazaryýet çägini üpjün edýär. Iş ýüzünde şu aşakdakylary aňladýar, ýagny TMCELL 4G LTE ulgamynyň abonentleri diňe bir internede jebis girmegiň tizliginiň on esse artdyrylmagyna eýe bolman, eýsem, ähli zatlara goşmaça degişli mümkinçilikleri hem alyp bilerler, mysal üçin, ňokary durulykda köp ýaýlymly telegepleşiklere tomaşa edip bolar, on-laýn sazyny diňläp bolar, göz açyp ýumasy salymda suratlary açyp, poçta seredip bolar, göwrümli faýllaryň ýüküni ýetirip bolar.

Internetiň 4G LTE ulgamy boýunça trafigiň bahasy we nyrhy. 4G LTE ulgamyndaky trafik bahasy 3G WCDMA ulgamy bilen deňdir. Nyrhnama meýilnamalary hakynda giňişleýin "www.tmcell.tm" saýtynda görmek bolar. Trafigiň paketleri Internete birikmekde tygşytlamaga (4 Gb ýa-da 100 Mb öňünden tölenilen paketleri satyn alnanda, 1Мb Internet-trafigiň nyrhy nyrhnama meýilnamasynyň esasy bahasyndan pes bolar) mümkinçilik berýär. Gije Internet arzan ("Gijeki Internet" hyzmatyň çäginde gije sagat 02:00-dan irden sagat 09:00-a çenli Internete girmegiň nyrhy 1 Mb üçin 0,03 manada çenli azaldylýar).

Maglumyty geçirmegiň giňişleýin nyrhy. 4G-niň artykmaçlyklaryndan nähili peýdalanyp bolar? TMCELL 4G LTE ulgamyna girmek üçin özüňiziň smartfonyňyzyň ýa-da USB modeliňiziň 4G LTE standartyna goldaýandygyna göz ýetiriň, munuň üçin özüňiziň enjamyňyzy ýa-da ony öndürijileriň saýtyny peýdalanmagyň gollanmasyna üns beriň. Siz özüňiziň TMCELL SIM kartynyň UMTS täze standartyna eýe bolup durýandygyňyzy barlaň. Eger siziň eliňizdäki GSM standartynyň köne SIM karty bolsa, onda TMCELL-iň hyzmat edýän ýakyn jaýyna baryp, ony çalşyň. 4G LTE boýunça Internede giriş TMCELL ähli tarif meýilnamasynda alyp bilersiňiz, onuň üçin "LTE ulgamyna giriş" hyzmatyny birikdiriň.

Dördünji nesliň ulgamy maglumatlary bermek üçin niýetlenendir we onda sesleri we SMS-i eşitdirmek durmuşa geçirilen däldir. Bu siziň USB modeliňiziň 4G LTE birikdirilmeginiň düzgüninde ulgamlaýyn SMS habarlaryny iberip we kabul edip bilmejekdigini aňladýar, ýagny balansyň talabynyň we hyzmatlar bukjasynyň möhletiniň gutarandygy baradaky habarlary mysal getirip bolar. Munuň üçin size ony 3G WCDMA düzgünine geçirmek gerekdir. Emma bu amatsyzlyk şol bada 4G LTE ulgamynyň esasy wezipesi — internede girmegiň ýokary tizlik bilen öwezi dolýar.

Hyzmat: Internete girmek (LTE). Iş ýüzünde şu aşakdakylary aňladýar, ýagny TMCELL 4G LTE ulgamynyň abonentleri diňe bir internede jebis girmegiň tizliginiň on esse artdyrylmagyna eýe bolman, eýsem, ähli zatlara goşmaça degişli mümkinçilikleri hem alyp bilerler, mysal üçin, ňokary durulykda köp ýaýlymly telegepleşiklere tomaşa edip bolar, on-laýn sazyny diňläp bolar, göz açyp ýumasy salymda suratlary açyp, poçta seredip bolar, göwrümli faýllaryň ýüküni ýetirip bolar.

4G LTE ulgamyna birikdirmek mugt, Siz tölegeňizi öz nyrhnama meýilnamaňyzyň trafigine görä, amala aşyrýarsyňyz. Birikmegiň usuly: TMCELL müşderileriniň iň ýakyn hyzmat ediş ofisine baryň. Pasportyňyzy almagy unutmaň.