СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменистан и Германия обсудили сотрудничество в сфере здравоохранения Сегодня, 21:07Главы Туркменистана и Азербайджана провели онлайн-встречу 21 Январь 2021 г., 19:16Государственная политика Туркменистана обеспечила здоровье граждан 21 Январь 2021 г., 16:26Туркменские и германские медики провели онлайн-конференцию 20 Январь 2021 г., 16:50В Ашхабаде открылась художественная выставка, посвященная слогану года 19 Январь 2021 г., 12:35Туркменистан первым в Центральной Азии зарегистрировал российскую вакцину «Спутник V» 19 Январь 2021 г., 11:28

Elektron pul
07 Декабрь 2013 г., 08:42

 

Nagt pullar döräni bäri o diýen kop wagt geçenok. Emma muňa garamazdan, öňki döwürlerde kagyz pullaryň metal pullary dolanyşykdan çagyryşy ýaly, elektron pullaryň peýda bolmagy-da  pul ulgamynda bolup geçýän düýpli özgerşlilere getirdi. Kompýuter tehnologiýalarynyň ösmegi bilen geljekde durmuşymyzda elektron nagt pullara barha uly ähmiýet beriljekdigine we kagyz nagt pullaryň ulanyşdan kem-kemden galjakdygyna şek-şühbe galanok. Elektron pul we elektron hasaplaşyk baradaky ilkinji pikirler 70-nji ýyllarda amerikaly hünärmen Dewid Çoum tarapyndan orta atylypdyr. Görkezilen döwür merkezleşdirilen maglumatlar ulgamynyň düýbüniň tutulýan, elektron gollaryň we parol ulgamlarynyň döredilip başlanan, şahsy maglumatlary saklamak ulgamynyň depginli ösýän wagtna gabat gelýär. Adaty sanly gollar ulgamlarynda bolşy ýaly, elektron pul ulgamy-da şahsy we ýönekeý açarlardan durýar. Ýagny, şahsy açarlar kagyz pulunyň gymmatyny barlamak we tassyklamak, ýönekeý açar bolsa hasaplaşygyň dogrylygyna güwä geçmek üçin peýdalanýar. Bu ulgam häzirki wagtda Dewid Çoum tarapyndan patentlaşyp, onuň özüniň baştutanlyk edýän “Digicash” kampaniyasynyň işinde giňden peýdalanylýar. Bu ulgam Günbatar Ýewropa ýurtlaryň birnäçesinde we amerikan banklarda ornaşdyrylyp, şu güne çenli netijeli ulanylyp gelinýär. Adyndan belli bolşy ýaly, elektron pul, adaty ulanýan kagyz pullarymyzdan tapawutlylykda, Internet ulgamynda peýdalanmaga uly amatlyk döredýär. Elektron puluň artykmaçlygy bolşy ýaly, kemçilikleri hem ozüne ýetikdir. Şolaryň  biri-de elektron puly adaty kagyz pullar ýaly hereketde saklap  bolmaýanlygydyr, ýagny wirtual pullar hakyky hökmünde kabul edilenok, çünki döwlet tarapyndan däl-de, söwda edaralary tarapyndan hyzmat edilýar. Bu bolsa  hasaplaşyk ulgamynda azda-kände bökdençilik döredýär, sebäbi alyjy harydy satyn alan ýagdaýynda elektron pul bilen hasaplaşmak islese, ol puly adaty kagyz puluna geçirmek ýa-da tassyklamak söwda edaralaryna ýüz tutmaly bolýar. Ýöne bu bökdençilik elektron pul bilen hasaplaşyk geçirmäne niýetlenen ulgamyň ornaşdyrmak söwda nokatlarynda ýüze çykyp bilýär. Beýleki tarapdan bolsa, elektron puldan peýdalanýanlar hasaplaşyk geçirmekde has giňeşleýin erkinlige eýe bolýarlar.

Elektron pul barada düşünje. Häzirki döwürde dünýäde töleg ulgamynda elektron hasaplaşygyň birnäçe görnüşi bardyr. Ýöne bu ulgamlaryň hemmesine elektron pul ulgamy ýa-da elektron pul diýmek ýalňyşlyk bolar, şol sebäpli, adatça, bu ulgam babatynda “Inetrenet hasaplaşygy”, täze hasaplaşyk ulgamy” ýa-da “elektron hümmeti” ýaly atlar ulanylýar, bu mesele häli-henize çenli garalýan ulgama dünýa boýunça ýeke-täk at bermek barada ylalaşyga gelinmäldigi sebäpli ýüze çykýar. Ýone muňa garamazdan, “G10” onluk ýurtlarynda elektron pul hökmünde çipli kartlarda ýa-da gaty disklerde saklanylýan puluň hümmetine at berlendir. Elektron pul – bu bank hasaplaryna ýazylan ýa-da bellenilen we hiç hilli kagyzsyz elektron ulgamlarda (torlarda) hereket edýän puluň hümmetine, başgaça aýdanymyzda, pullaryň görüp bolmaýan, ýöne hereket edýän dolanyşygyna aýdylýar. Elektron pullar barada aýdylanda bolsa, ol adaty kagyz puluna garşydaş ýa-da dalaşgär däl-de, tersine, kagyz puluň Internetdaky hemaýatkäri bolup çykyş edýär.  Internet ulgamynda kagyz puluny ulanmak mümkinçiliginiň ýoklugy sebäpli, biz elektron pul ulgamyny ulanmaly bolýarys.