Türkmenistanyň „Türkmen Älem“ hemrasy
02 Декабрь 2013 г., 18:41
Ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden häzirki zaman ýaşaýyş-durmuşy, ösen ykdysadyýeti hem-de jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Aragatnaşyk ulgamy häzirki wagtda adamyň gündelik durmuşuna mäkäm ornaşdy. Ol häzirki zaman jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegidir.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de Türkmenistanda kosmos işini ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligini döredip berdi. Häzirki wagtda Milli kosmos agentliginde hünärmenleri işe almak, hünärmenleri agentlikde eýeleýän ugurlary boýunça okuw-tejribelige ugratmak we ş.m. işler alnyp barylýar.
Milli kosmos agentliginde alnyp barylýan işler bilen bir wagtda Fransiýa döwletinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Fransiýa döwletiniň „Thales Alenia Space“ kompaniýasynyň baglaşan şertnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasy-„TürkmenÄlem 52 E“ hemrany ýygnamak işleri ýokary depginler bilen alnyp barylýar.
Häzirki zaman aragatnaşyk hemralary esasan geostasionar orbitada ýerleşdirilýär. Geostasionar orbitada ýerleşen aragatnaşyk hemrasy ýer üstünden 36000 km. aralykda ekwator tekizliginde, Ýer şarynyň burç tizligine deň tizlikde hereket edýär we Ýer üstüne görä dynçlykda ýerleşýär. Hemra aragatnaşyk ulgamynyň beýleki aragatnaşyk ulgamlaryndan (simli, öýlükli we ş.m.) esasy aýratynlygy geçiriji stansiýasynyň älem giňişliginde ýerleşýänligindedir. Älem giňişliginde hemranyň örän uzak orbitada ýerleşmegi, Ýer üstüniň takmynan üçden bir bölegini aragatnaşyk tolkuny bilen „ýapmaga” mümkinçilik berýär. Onuň radiotolkunlar bilen „ýapýan” çäklerinde ýerleşýän islendik aragatnaşyk ulgamynyň stansiýasy ýa-da müşderi hemradaky stansiýa bilen göni arabaglanyşygy saklamaga ukyplydyr. Hemra aragatnaşyk ulgamynyň ýerine ýetirýän wezipesi Ýerüsti aragatnaşyk ulgamynyň antennasyndan kabul eden signalyny şol bir wagtda, güýçlendirip özüniň Ýer üstündäki „ýapýan” çäklerinde ýerleşýän aragatnaşygyň stansiýalaryna ibermekden ybaratdyr. Aragatnaşygyň bu usulynda hemradaky stansiýanyň üstünden geçýän maglumatlar gaýtadan işlenilmeýär. Ol signallar diňe hemrada ýerleşýän stansiýa tarapyndan kabul edilýär hem-de güýçlendirilýär. Güýçlendirilen signal Ýer üstündäki hem-de älem giňişligindäki beýleki radio arababaglanyşykly stansiýalara ugradylýar. Hemra aragatnaşygy Ýerüstündäki stansiýadan maglumatlary älem giňişligindäki aragatnaşyk hemra ugratmakdan hem-de Ýerüsti kabul ediji stansiýada maglumatlary kabul etmekden ybaratdyr. Hemrada ornaşdyrylan gözegçi-barlag enjamlar onuň üstündäki hemme enjamlary doly gözegçilikde saklamaga ukyplydyr. Hemradaky ýerleşdirilen telemetriýa enjamlary kabul edilen maglumatlary Ýere ibermek hem-de onuň ýerleşýän ýagdaýyny gözegçilikde saklamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.
Hemra aragatnaşygy, ulgamda özüniň birnäçe aýratynlyklary bilen aragatnaşygyň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Bu aýratynlyk esasan hem hemra aragatnaşygynyň ýer üstünde örän uly meýdany aragatnaşyk tolkunlary bilen örtüp bilmegindedir. Şonuň üçin, aragatnaşygyň bu görnüşi käbir ýagdaýlarda ýeke-täk usul bolmagynda galýar. Aragatnaşygyň bu usulynyň ýerine ýetirýän esasy wezipesi ilata ýokary hilli, giň zolakly aragatnaşyk kanallarynyň hyzmatlaryny (telefon gepleşiklerini, radio-telewideniýe gepleşiklerini, şekilleri hem-de wideo şekilleri geçirmekligi we ş.m.) hödürlemekdir. Häzirki wagtda bütin dünýä boýunça aragatnaşyk hemralary arkaly berilýän telewizion kanallaryň sany 25 müňden geçýär. Müşderilere aragatnaşygyň hyzmatlaryny hemra arkaly hödürlemek has ýokary depginler bilen ösýär. Bu ugurda ABŞ hem-de Aziýanyň käbir döwletleri öňdäki orunlary eýeleýär. Hemra aragatnaşyk ulgamy arkaly berilýän hyzmatlardan gelýän ykdysady girdejileriň mukdary ýyl-ýyldan ýokarlanýar.
Dürli maksatlar üçin ulanmak meýilleşdirilýän hemralar üstünde ýerleşdirilen tehniki enjamlaryň, ýerleşýän orbitalarynyň, ýer üstündäki dolandyryş merkeziniň enjamlaşdyrylyşynyň dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Dürli orbitalarda ýerleşdirilýän hemralar ýa-da hemra ulgamy diňe bir aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän eýsem, ýer üstünde bolup geçýän tebigy hadysalara, tebigy energiýanyň ätiýäçlyk gorlaryna, nebit we gaz geçirijilerine gözegçilik etmekde, tebygy baýlyklaryň ýataklaryny kesgitlemekde, metrologiki maglumatlary taýýarlamakda we ş. m. peýdalanylýar.
Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamyny taslamak, gurmak hem-de älem giňişligine çykaryp peýdalanyp başlamak ýurtda aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, şeýle hem birnäçe Döwlet programmalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berer hem-de döwlete gelýän ykdysady girdejileriň ýokarlanmagyna özüniň oňyn tasirini ýetirer.