Telekeçilige täze başlanlara - giň ýol
19 Ноябрь 2013 г., 15:15
Türkmen kompaniýalarynyň iş çygry ýyl-ýyldan örän ýokary depginler bilen ösýär. Soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda-da hususy sektorda işjeň hereket etmäge, öz kompaniýalaryny döredip, bazarda özüne mynasyp orny tapmaga uly gyzyklanma bar. |
|
Döwlet tarapyndan milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň nazara alynmagy bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Çünki, halk hojalygynyň ençeme pudagynda bazar ykdysa-dyýetine geçilmegi, ýurdumyzda telekeçiligiň barha ösýändigi haryt alyş-çalşygy geçirmekde, girdejini we peýdany ulanmakda halkara hukuk normalaryny saklamagy talap edýär. Döwletiň goldaw bermegi bilen häzirki döwürde türkmen telekeçileri ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamynda, söwdada we gurluşykda örän işjeň hereket edýärler. Golaýda kabul edilen we güýje giren “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynda ýaş telekeçi, ýaşlar telekeçiligi we ýaşlar kärhanalary baradaky düşünje aýdyňlaşdyrylýar. Bu kanun indiden beýläk ýaşlar telekeçiliginiň döwlet goldawynyň esaslaryny düzgünleşdirýär. Şu nukdaýnazardan, täze kärhana döretmek, ony bellige almak barada käbir anyk maglumat bermek geljegimiziň kepili bolup durýan ýaşlar üçin gyzyklydyr. “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana–ýekebara kärhana hasaplanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda esasan hem hususy kärhanalaryň giňden ýaýrandygyny hasaba alyp, makalada bir esaslandyryjynyň esaslandyrýan hususy kärhanany bellige almak barada durup geçmegi makul bildim. Hususy kärhanany hasaba almak üçin esaslandyrjynyň, ilki bilen, kärhananyň adyny saýlap almagy hökmanydyr. Munuň üçin hasaba alynýanlar hasaba alynmak üçin resminamalary Hasaba alyş müdirligine tabşyrmazdan öň, hasaba alynmagy meýilnamalaşdyrylýan hususy kärhananyň adyny ylalaşmak üçin Hasaba alyş müdirligine ýazmaça arza bilen ýüz tutmalydyr. Kärhananyň ady türkmen dilinde many aňladýan söz ýa-da söz düzümi bolmalydyr we onda gysgaltmalar ulanylmaly däldir. Şeýle at bilen Türkmenistanyň çäklerinde başga bir kärhananyň hasaba alynmandygy hem anyklanmalydyr. Hususy kärhananyň ady barada ylalaşyk haty alnandan soňra, esaslandyrjy Türkmenistanyň çäklerinde ýerine ýetirmek isleýän işlerini kesgitläp, degişli statistika müdirligine ýazmaça arza bilen ýüz tutmaly we kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşleri we kodlary barada maglumat hatyny almalydyr. Esaslandyryjy kärhana üçin hukuk salgysyny saýlap almalydyr. Esaslandyryjy şeýle hem degişli kadalara laýyklykda kärhananyň tertipnamasyny iki nusgada taýýarlamalydyr. Tertipnama kärhana baradaky anyk maglumatlary özünde jemleýär. Kärhananyň maksatlary, wezipeleri we iş görnüşleri, kärhanany dolandyrmak, onuň hukuklary we borçlary, emlägi, gaznalary we girdejisi, hasaby, hasabatlylygy we gözegçilik, zähmet gatnaşyklary we kärhananyň işini bes etmek baradaky esaslar tertipnamada öz beýanyny tapmalydyr. Esaslandyrjy mundan soňra esaslandyrjynyň kararyny kabul edýär we bu karar, hususy kärhanany esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny tassyklamak, hukuk salgysyny bellemek, esaslyk maýasyny kesgitlemek, ykdysady iş görnüşlerini tassyklamak baradaky maglumatlary özünde jemlemelidir. Esaslandyryjy bellenen esaslyk maýasynyň azyndan 50 göteriminiň tölenendigi barada degişli edaradan hat almalydyr we bu haty hem resminamalar bukjasyna çatmalydyr. Bellige almak üçin bellenen möçberdäki tölegi geçirenden we beýleki talap edilýän resminamalary taýýarlandan soňra, esaslandyryjy kärhanany bellige almaklaryny haýyş edip, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwletiň hasaba almak müdirligine ýüz tutmalydyr. Esaslandyryjy kärhanany hasaba almak baradaky çäreleri özi ýa-da bu işleri amala aşyrmak üçin ýörite kanunçylygyň talaplaryny berjaý edýän, ökde maslahatçy bilen hem ylalaşyk gazanyp biler. Kärhanalar hakynda kanuna laýyklykda, kärhana döwlet belligine alnan pursadyndan başlap, hukuk subýektine öwrülýär. Şeýle hem kärhana öz adyndan hukuklara eýe bolýar we olary amala aşyrýar, öz üstüne kanunda göz öňünde tutulan borçlary alýar. Şeýle bolansoň, kärhanany esaslandyryjy, täze kärhana bellige alnandan başlap, bu ulgama degişli Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etmeli, kanunçylygyň talaplaryny berk berjaý etmeli bolup durýar. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldowy ýerlikli peýdalanyp, hususy ulgamda öz ornuny tapmak, isleýän telekeçilere peýdaly bolar diýen umyt bilen, bu baradaky seljermelerimi geljekde-de dowam etmek isleýäris. Nurmyrat Agaýew, ylymlar kandidaty, hukuk-maslahatçysy |