Boulingiň taryhy: hakykatdan hem bouling – faraonlaryň oýnumy?
31 Октябрь 2013 г., 11:21
Gadymy müsürliler sporty juda söýýän ekenler. Faraonlar we beýleki baýlar ýaýdan ok atmagy has gowy görýän ekenler (ýaýadan ok atmak awda şeýle hem urşa gidilende has gerek bolupdyr, şol sebäpden bu oýun özboluşly türgenleşik bolupdyr). Ýokary gatlak çapyşyk, tigirjekdäki çapyşyk, at üstündäki oýunlary hem gowy görüpdirler.
Sport ýeňişiň begenjinden başga juda köp zatlary berýär. Ýegiptyň monarhiýasy köpçülik bilen aragatnaşyk saklamakda sporta daýanýan eken. Faraon öz gullugyndakylaryň jany üçin kepil eken, şol sebäpden onuň fiziki ýagdaýy spotda gazanýan ýeňişleri raýatlaryň içinde uly mana eýe bolup durupdyr. Şonuň üçin hökümdaryň islendik ýeňişi halklaryň arasynda giňden bellenilipdir.
Adaty halk üçin hem sportyň birnäçe görnüşi bar eken. Erkin göreş – göreş, gylyçlaşmak ýaly oýunlar ýegiptlylar üçin özüniň kiçi ýerini goramakdaky söweşlerdir. Müsüriň yssy howa şertlerine laýyk suwdaky oýunlaram meşhurlyga eýedir: suwda ýüzmek, suwa bökmek, suwda gaýykly ýüzmek ýaly oýunlar tomusky oýunlaryň hataryna girýär. Akrobatlaryň ussatlygy hem ýokary baha mynasyp: ýokary meşhurlyga bolsa, päsgelçilikden geçmek, “ýüzük” bolup aralygy geçmek, we dürli görnüşli saltolar eýedir. Eger siz bumerang Awstraliýada ýüze çykandyr diýseňiz, onda ýegiptlylaryň awa gidende ulanan hanjaryny ýadyňyza salyň, şonda bu esbaby aborigenlaryň oýlap tapanyna göz ýetirersiňiz.
Top bilen oýnalýan oýunlar hem meşhur eken. Ýegiptlylar topardaşlarynyň egninde oturyp, deriden ýasalan togalak görnüşdäki predmeti oýnaýan ekenler. Zenanlara bolsa bir wagtda birnäçe topjagazlary ussatlyk bilen oýnmak başardypdyr.
Bu taryhçylara nireden mälim? Ýegiptlylar özüniň atletik usstlyklaryny barada öwünmegi halapdyrlar. Diwarlaryň ýüzi sport wakalaryny janlandyrýan suratlar bilen bezelen. Faraonlaryň guburlarynda pälwanlaryň, at üstündäki söweşijileriň, galyberse-de tigirçekdäki gyzgalaňly çapyşygyň suratlaryna duş gelmek bolýar. Köp suratlar bolsa tekstler bilen hem teswirlenen (elbetde ieroglif hatlary bilen).
Ýegiptli türgenleden köp sanly inwentariýalar saklanyp galydyr. Dünýä ýüzündäki muzeýlerda gadymy müsür oklaryny, mişenlary, okduryjylary, bumeranglary, deriden dykylan toplary tapyp bilersiniz. Bu hemme tapyndylar arheologlar tarapyndan faraonlaryň, beýleki baý adamlaryň guburlarynyň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan. Luwrda bolsa, egni açyk ýüzüji zenanlaryň şekilleri bolan çemçeler bar.
Şeýlelik bilen, piramidalarda we swinkslarda köp sanly türgenleriň ýaşanlygy mälim. Emma olaryň arasynda bouling bilen meşgullananlar barmyka?
Boulingyň taryhçylary (şol sanda 64 sahypalyk “Boulingyň taryhlary” diýlip atlandyrylýan 70-nji ýyllarda ýubileý sanawy bilen çap edilen awtory Morta Lýubi-kiçi) takmynan 5000 ýyl owal ýegiptlylar boulingyň şarlaryny we kegellerini oýlap tapypdyrlar diýip tassyklaýarlar. Tanymal syýahatçylyk merkezi hasaplanýan, Luksoryň demirgazyk böleginiň 10 milliginde ýerleşýän Nagad şäherinden uzagyrakda çaga mazarlygynda kiçi şarlar we kegeiler britan arheology Ser Flinders Petri tarapyndan XX asyryň 30-njy ýyllarynda gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapyldy, bu bolsa munuň şeýledigine subutnama bolup durýar. Oňa tapyndylaryň biziň eýýamymyzdan öňki 3500-3000 ýyllyga degişliligini subut etmek başatdy. Häzirki wagtda tapyndylar köpçüligiň synyna hödürlenip, Oksforddaky muzeýda ýerleşdirilen (Angliýa).
On sany konsul şekilindäki kegeller alebastrdan we daşdan ýasalan. Kristal görnüşli şarlar bolsa dört sany mineral elementlerdan porfirdan ýasalan. Bularyň sanawyna üç öwrümli derwezeler hem girýär. Biraz üýtgedilen tapyndylaryň nusgasy halkara Şöhrat zalynyň we Sent-Luisdaky bouling muzeýiniň iň gymmatly hazynasy.
Haçan ýegipt çagasy oýunjaklary bilen jaýlananda hat-ýazuw heniz ýokdy. Şonuň üçin bu oýnuň düzgünleri barada hiç hili maglumat ýok. Mazarlygyň daşynda-da hiç hili ýatlatma ýok. Şol sebäpden Petriniň bu tapyndysy boulingiň mundan5000 ýyl ozal döredilendigine ýeketäk subutnama.
Petri, meşhur ýegipt öwrenijileriň biri, ol bu nukdaýnazaryň tarapdary. Nagadaky gazuw – agtaryş işleriniň kitabynda ol, oýun üçin inwentaryň ýere gömülip ýatanyny tapdym, emma ol gyzyl agtaryjylaryň işinden soň, böleklere bölünen. Tapylan tapyndylary ol beýan edende, şol şarlar we kegeller ululygy we agramy boýunça hut şol oýun üçin niýetlenen, ýöne üç öwrümli araçäkler bolsa, derwezäniň ornuny tutýar, bu bolsa oýunça goşmaça päsgelçilikleri döredýär.
Soňra alymlar: “nortol kegellerini oýnamakda taýaklaryň ulanylandygyny bellýär. Oýnyň beýle görnüşi häzire çenli saklanyp galypdyr”. Ol mamla, çünki bu oýun Angliýanyň köp böleklerinde meşhurdyr. Bu oýna bagyşlanan saýtda bolsa britan kegelleri, “on kegelli boulingyň nesli” diýip ýazylan. Angliýanyň dürli raýonlarynda bu sportyň köp görnüşleri bardyr. 6-15 düým beýiklikdäki kegeller dörtburçluk formasynda düzülýär. Käbir ýagdaýlarda derwezeler ulanylýar, käbirlerinde bolsa – ýok.
Professional Zenan bouling Assosiasiýasyndan zenan – professionallarynyň turnirlaryndan, millionerlarça amerkanlylar bu oýny söýüp, boulingyň janköýerleri boldular.
Bu gün bouling oýny dünýä ýurtlarynyň 90-dan gowragynda 95 million adamlar söýýär. Halkara bouling Federasiýasynyň başda durmagynda ussat bouling türgenleri dürli derejedäki halkara ýaryşlaryna yzygider gatnaşýarlar.