СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Балканском велаяте Туркменистана построят здание Центра связи Сегодня, 15:04Туркменистан модернизирует ковровое производство Сегодня, 14:58Туркменистан и Kawasaki выведут на проектную мощность завод «Марыкарбамид» Сегодня, 14:50Президент Туркменистана заслушал доклад о ходе весенних полевых работ Сегодня, 14:46Туркменистан модернизирует объекты для поставок сжиженного газа Сегодня, 14:43В Туркменистане готовят законопроект для популяризации наследия Махтумкули Сегодня, 14:41

Aral sebitinde tokaý melioratiw çäreleriniň wajyplygy
11 Февраль 2021 г., 18:06

Bilşimiz ýaly, adamyň tebigy gurşawa edýan täsiriniň artmagy netijesinde Aralyň guramagy, şonuň ýaly-da Amyderýa zeýakaba-zeýkeş suwlarynyň akdyrylmagy sebäpli tebigy gurşawa tehniki serişdeleriň agram salmagy tebigy deňagramlylygyň bozulmagyna we ekologik taýdan betbagtçylykly zolagyň döremegine getirdi.

1960-yjy ýyllardan başlap Merkezi Aziýa sebitinde täze ýerleriň güýçli depginler bilen özleşdirilmegi netijesinde Amyderýanyň we Syrderýanyň Arala guýýan suwy azalyp başlady. Netijede, deňziň meýdany, göwrümi, duzlulygy üýtgedi. Ol, 1989-njy ýylda iki bölege – Uly we Kiçi Arala bölündi, häzirki wagtda onuň kenarlary kä ýerlerde 100-150 km-e çenli yza çekildi. Aralyň guran meýdanynda bolsa Aralgum çöli emele geldi.

Çöl esasan, ownuk duz we çäge bölejiklerinden düzülendir. Şol duzuň düzüminde bolsa, oba hojalygynda ulanylan zäherli himiki serişdeleriň, dökünleriň hem-de senagat we durmuşda ulanylan hapa suwlaryň getiren zyýanly maddalary, aerozollar görnüşindäki külke jisimler agdyklyk edýär.

Häzirki wagtda meýdany 40 müň km2-e golaý Aralyň guran meýdanyndan güýçli ýeller arkaly göterilýän duzly tozanlar çar tarapa ýaýraýar. Duzly tozanlaryň ýaýramak derejesi boýunça Aralýaka sebiti 5 zolaga bölünýär. 1-nji zolak duzly tozanlaryň göterilýän zolagy bolup durýar. Duzly tozanlaryň 1 gektara düşýän mukdary 2-nji zolakda 6 tonna, 3-nji zolakda 2 tonna, 4-nji zolakda 800 kilograma, 5-nji zolakda 200 kilograma barabardyr.

Türkmen Aralýaka sebiti duzly tozanlaryň düşýän 4-nji we köp derejede 5-nji zolagyna girýär. Duzly tozanlaryň Türkmen Aralýakasyna aralaşmagy ekerançylyk hem-de öri meýdanlaryň şorlaşmagy, oba hojalyk ýerleriniň hasyllylygynyň peselmegi, çölleşmek hadysasynyň güýçlenmegi, tebigy biodürliligiň kemelmegi we ekoulgamlaryň bozulmagy, howanyň we suwuň hapalanmagy, ilatyň saglyk hal-ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy we agyz suw ýetmezçiligi ýaly onlarça ekologik meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi.

Aral deňziniň suw aýtymynyň kiçelmegi sebitde güýçli ýelleriň köp gaýtalanmagyna getirdi. Güýçli ýeller duzly tozanlary ýaýradyjy çeşme bolmak bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlaryna-da uly zyýan ýetirýär, ýel eroziýasyny güýçlendirýär. Bugaryjylyk ýokarlanyp, howanyň çyglylygy peselýär. Munuň üçin, suwarymly ýerlerde meýdan gorag tokaý zolaklaryny döretmegiň ähmiýeti uludyr.

Ylmy maglumatlara görä, ini 220 metr bolan ekin meýdanynda tokaý zolagynyň kömegi bilen ýeliň ortaça tizligi 40-50%, bir gije-gündiziň dowamynda bolýan bugaryjylygyň möçberi 25-26%-e çenli peselýär we howanyň otnositel çyglylygy bolsa 4-7%-e çenli ýokarlanýar.

Tokaý zolagy özünden köp mukdarda suwy bugardýanlygy sebäpli, ýerasty suwlarynyň ýokary galmagynyň we topragyň şorlaşmagynyň hem öňüni alýar. Eger, 1000 metr uzynlykdaky meýdana iki hatarlaýyn derek agajy ekilen bolsa, onda ol ýerden ýylda 80000 m3 suw bugarýar we ýerasty suwlarynyň ýokary galmazlygyna gös-göni täsir edýär. Netijede, ýerasty suwlaryň derejesi peselýär. Bugaran ýerasty suwlaryň ýerini bolsa, ýokardan süzülip geçen süýji suwlar dolýar.

Şol sebäpli-de, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde Aralyň ýaramaz täsirlerini peseltmäge hem-de sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň toplumynda tokaý melioratiw çärelerini giň gerimde geçirmek esasy wezipe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda Türkmen Aralýakasynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, Aral deňziniň guran böleginden göterilýän duzly tozanlaryň we güýçli ýelleriň zyýanly täsirini peseltmek maksady bilen Sarygamyş kölüniň günortasynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň töweregindäki 20 müň gektar meýdana çöl ösümliklerini we ýaprakly agaç nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.

Dörediljek emeli tokaýlar Aralgumdan göterilýän duzly tozanlaryň we güýçli ýelleriň zyýanly täsiriniň düýpli peselmegine getirer, topragyň şorlaşmagynyň we çölleşmeginiň öňüni alar, meýdanlaryň tokaýlaşmagy netijesinde öri meýdanlary gowulanar. Şeýle hem sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň üzül-kesil baýlaşmagyna amatly şertleri döreder.

Diýmek, köçeleriň gyralarynda, şäherdir, obalaryň töwereginde, boş ýatan ýerlerde, ekin meýdanlarynda tokaý zolaklarynyň döredilmegi topragyň duzlulyk derejesini peseltmekde, ýel we suw eroziýasyndan goramakda, howanyň çyglylygyny ýokarlandyrmakda we dürli zyýanly gazlar, duzly tozanlar bilen hapalanmagyny peseltmekde uly ähmiýete eýedir.