СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Центре ОБСЕ в Ашхабаде обсуждены новые направления работы по предотвращению гендерного насилия 21 Ноябрь 2024 г., 12:25Талантливая молодежь Туркменистана отмечены высокими наградами 21 Ноябрь 2024 г., 12:13В Ашхабаде обсуждают ключевые аспекты присоединения к ВТО 21 Ноябрь 2024 г., 12:03Туркменистан и ЕС усиливают партнёрство для развития Транскаспийского коридора 21 Ноябрь 2024 г., 11:57В Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча заместителя министра Азата Атаева с Кристиной Хемшайер 21 Ноябрь 2024 г., 11:46Победители и призеры международного теннисного турнира Ashgabat Open 2024 21 Ноябрь 2024 г., 11:41

Tilki halypasy - Welsapar! Ýa-da şeriň emeli hemrasy
06 Сентябрь 2019 г., 20:03

 Beýnisi bet işler bilen meşgul bolan tilki halypasy Akmuhammet Welsapar tetellileri türkmenlerde maslyk iýýän syrtlanlara meňzedýärler. Akar suwa çalym edýän halk atly mukaddes akaba, mukaddes Watana dil ýetirip bilýän Ak Welsapar ýaly ýazyjysumaga, žurnalistsumaga türkmenler «samahullyňy bes et!» diýýärler. Dürli habar beriş serişdeleriniň üsti bilen  türkmen halkyna şyltak atmak ýaly örk tutmaz gylygy özüne baky hemra edinen Welsapar tetellilere diliň jezasyny çekmek diýen ýaly ýowuz synag hem garaşýar. Öz döwründe arak içip, şady-horram ýaşap, keýpi-sapa ýaýnan Ak Welsapar kibi  ynsanlar öň hem az bolmandy. Haçan-da ömür saly altmyşdan geçip, garrylyk döwrüne gadam basanda, olar öz eden pyssy-pyjurlyklaryny basmarlamak üçin şerigat ýoluna uýan bolup başlaýarlar. Munuň özi öz döwründe dürli wezipelerde işläp, döwleti, halky, il-güni, arassa ynsanlary aldap, talap ýaşap, garrylyk çaglarynda hem mollaçylyga ýüz urup, halka akyl berip ýaşaýan käbir ynsanlar ýaly, Welsapar hem bu gün diline şerigatyň talaplaryny getirip, «şeýtana gulluk etmek» sözüni köp gaýtalap başlady. Has takygy, ol «şeýtana gulluk edip başlady».

Ak Welsaparyň özi öz döwründe tilkä sapak beren, şeýtanyň ýassygyna baş goýan hakyky haramzada adamdy. Onuň habar beriş serişdelerindäki çykyşlaryny diňläp, kimdigini bilmek, göz ýetirmek, aňmak kyn däl. Sebäbi onuň diýýän sözlerini döredýän ýürekdir beýni örän zaýa bolmaly. Öz ýurduň, öz halkyň barada şeýle namart sözleri dile getiren adamyň o dünýäde syrat köprüsinden geçmeli bolanda, dowzah jähenneminiň ýalynly ummanyna tarap agdaryljakdygy ikuçsyzdyr. Şahyr Nobatguly Rejebowyň goşgularynda belleýşi ýaly, ynsan garradygyça onuň hakyky mazmuny ýüze çykyp başlaýar. Öz ömrüniň ýetmişine tarap rowan bolan Welsaparyň dile getirýän şyltakly sözleri onuň eýýäm iki aýagyny göre sokup, aňyrsynyň golaýlandygyndan, hut şonuň üçin hem onuň tutuş süňňündäki nejisligiň ýüze çykyp başlandygynyň yşaradydyr. Ýedi gat asmany ýatladýan ynsanyň ýedi gat teni kem-kemden onuň bet niýetlerine çydaman pis açyp başlaýar. Welsapar hem öz ömrüniň pis açmalar eýýamyna gadam basandygyny subut edýär.

Gurduň gudasy köp, tilkiň arkasy diýlişi ýaly, daş-töweregini hilegär tilkilere aldyran Welsapar bu gün şol melgunlaryň hojasyna öwrüldi. Il-günüňden, ata Watanyňdan närazy bolup ýaşamak Welsaparyň ömür ykbalynyň küle çökendiginden habar berýär. Munuň şeýledigini onuň içi güjükli sözlerden doly çykyşlary hem subut edýär. Akyldan üstün çykan nejisligi özüne ömürlik hemra tutunan Welsapar žurnalist hökmünde-de, ýazyjy hökmünde-de, ynsan hökmünde-de bir wagt türkmen halkynyň ynamyndan jyda düşdi. Onuň togsanynjy ýyllarda şol wagtky «Ýaşlyk» žurnalyna çapa hödürlän «Ahal aýak astynda» atly powestini okanlar «bu kişiden hiç wagt ýazyjy çykmajakdygyny, çünki onuň pikir ummanynyň örän telperdigini, pikir örüsiniň, ýaýrawynyň jyda dardygyny, ýazyjylyk talantyndan asla ýokundynyň ýokdygyny» jany-teni bilen aýdypdylar. Ýazyjy hakyky ýazyjy bolmak üçin özboluşly pikirli şahsyýet bolmaly ahyryn. Ýöne Akmuhammet Welsapar diýilýäniň pikir örüsi bir tiräniň-ä däl, eýsem bir egoist maşgalanyň çäginden daşa çykmaýardy.

Eý, pikir dünýäsi pis keseline uçran Ak Welsapar! Seniň bu edýän çykyşlaryň tutuş onki süňňüňiň pis keseline bendi bolandygyndan habar berýär. Seniň bu çykyşlaryň, şyltak atmalaryň ömür salyňyň paýawlandygyndan habar berýär. Sen gaýrat et-de şerigat talaplaryny özgä bildirmän, özüň berjaý et. Özüňi şeýtana oýnatma-da, adam bol, toba gel, gaýtmyşym et! Öz başky ýagdaýyňa, arassa kalply döwrüňe, halkyňa tarap ýüz öwürmäge synanyş! Eý, tilkiler hojasy saýylýan  betbagt Welsapar, sen özüňi şeriň emele hemrasy bolmakdan gutar! Şundan başga ýollar seni diňe dowzaha elter!