MESSEPSIZ WELSAPAR!
26 Май 2019 г., 21:11
«Gara guş ýaraşmaz beýik baglarda...» - diýip ýazmak bilen Magtymguly Pyragy «Aýyň ýagşysyn» atly şygrynda pes pikirli, gara ýürekli, messepsiz kişileriň il-ýurt bähbitli beýik işlere mynasyp däldigini örän jaýdar belläpdir. Ajaýyp baglarda, gül üstünde gara guşlaryň däl-de, şeýda bilbilleriň saýramaga mynasypdygyny tekrarlaýan Magtymguly Pyragynyň bu pikiri biziň günlerimizde hem öz aktuallygyny ýitirmeýär. Ýurt içinde işlän günlerinde iş oňarman, bu gün ýurt daşyna gidip, şol ýerde öz önüp-ösen Watanyna, onuň merdana, zähmetkeş halkyna, milli Liderine internet arkaly bolgusyz samahullary ýöňkemäniň ýoluna düşen Akmuhammet Welsaparyň özüni alyp barşy Magtymguly Pyragynyň «Gara guş ýaraşmaz beýik baglarda...» diýen setirleriniň liriki gahrymanyna meňzeýär.
«Akmuhammet Welsapar - dosty-ýaryny, dogan ilini satar, onuň ýanynda işlemek, golaý-goltumynda ýaşamak howpdyr hatar» diýen pähim-parasada öwrülen sözler, Akmuhammet Moskwanyň W.I.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, Türkmen telewideniýesine işe gelen günlerinde, onuň işdeşleri tarapyndan döredilen sözlerdir. Akmuhammet ilki žurnalist, soňra şahyr, has soňra bolsa prozaçy bolmak üçin hiç kimiň oýuna-küýüne gelmeýän, entek dünýä edebiýatynda hiç bir ýazyjy tarapyndan aýdylmadyk pikirleri özünde jemleýän şedewr döredip, türkmen edebiýatynda ýagty yz galdyrmagyň aladasy bilen ýaşady.
Ýöne Taňry ýazyjylygy, şahyrçylygy, žurnalistligi gursagyňa guýmasa, Moskwanyň döwlet uniwersitetini däl, eýsem Kembrij, Oksford ýaly uniwersitetleri tamamlap gelen bolsaň-da, mynasyp eser döredip bolmaýar. Welsapar bu hakykata Aşgabatda işlän ýyllarynda doly göz ýetirdi. Onuň içki dünýäsi edebiýat meýdanynda özüniň kimdigini ykrar edeninden soň, öz hakyky pişesine - messepsiz häsiýetine, dost-ýarlaryny söz bilen uruşdyrmaga, özüne ýaramaýan kişileri başlyklaryna satmaga, şeýle hem sakarçägeli garyndaşlaryny pul alyp, ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmäge, maşgalasynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, edebiýata baý bolup girmäge synanyşmagyň kül-külüne düşdi. Emma... onuň bu planlary hem başa barmansoň, döremän dörän bu "talant", ýurduň içinde hökümetden "närazy" kişileri töweregine ýygnap, hamala “oppozision partiýa” döretmegiň kül-külüne düşdi. Ýöne onuň töweregine ýygnanan "närazylar" Welsaparyň partiýabaşy bolmak, täze bir partiýanyň esaslandyryjysy bolmak ukybynyň asla ýokdugyna basym göz ýetirdiler-de, ondan derhal arany açmak bilen boluberdiler. Welsaparyň pes hem pis adamkärçiligi “meslekdeşleriniň” ondan diňe bir basym “sowaşmagyna” sebäp bolman, eýsem “bir ideýa” gulluk etmek meýlinden hem ýüz öwürmeklerine getiripdi.
Bu ýagdaýy aňan melgun Welsapar, özüni hiç kimiň tanamaýan ýat ýurtlarynyň birine atdy. Ine, şol ýat ýurtlardan hem ol öz dogduk mekanyna, onuň merdana ynsanlaryna şyltak atmaga başlady. Onuň telewideniýede bile işlän tanyşlarynyň biri: «Akmuhammet Welsapar ýaly haramzadanyň gümüni çekip, ýurt daşyna gidenine ýürekden begendik, sebäbi döredijilik intelligensiýasynyň içindäki agzybirlik, asudalyk, ysnyşyklylyk, jebislik has-da berkedi» diýip ýatlardy.
Akmuhammediň kimdigini onuň kakasy, inileri hat-da aýaly-da örän gowy bilýärdi. Özara gürrüňdeşlikde olar hem Akmuhammediň eşek häsiýetli adamdygyny, orramsydygyny, gerek ýerinde namartdygyny, adamçylyk gatnaşyklarynda haramzadadygyny, wada bermeli bolanda diňe öz bähbidini araýan zypdurundygyny, iliň gybatyny etmeli bolsa, maslyk iýýän syrtlandygyny, mert söweşlerde basym güjükleýändigini, baryp ýatan tilki häsiýetlidigini, mertliginiň bolsa, hakyky şagaldygyny, ýyndamlygynyň samanhana çenlidigini... örän gowy bilýärler.
Bir gezek oňa aýaly: «Sen ile çörek berjek bolup, halky bagtly etjek bolup, diňe ili däl, özüňi däl, eýsem bizi hem nägünlere saldyň, ýüzügara etdiň» diýende, ol: «Entek bagtly günler öňdedir» diýenmiş. Şonda oňa ýassykdaşy: «Ikimiziň ömür salymyz altmyşdan geçdi, altmyşdan soň saz öwrenip, görüňde çaljakmy, Akhömmet» diýenmiş.
Bu sözleriň aýdylanyna kän wagt geçmedik hem bolsa, Welsapar halka täsir etmegiň, halkyň “gözüni” açmagyň täze usulyna - internet arkaly täsir etmek usulyna ýüz urупdyр. Ýöne il diýeniň umman ýaly bir giň zat. Ol öz üstünde ýüzüp ýören Welsapar ýaly saly çüýrük, lakaşa gaýyjaga barmysyň hem öýdenok. Ol umman özüniň bakylyk aýdymyna hiňlenip ýör, emma onuň üstünde suwa batyp barýan böwri deşik, çüýrän, möwriti öten Welsapar atly betbagt gaýyk bolsa, häli-häzirem arzuwdyr umytlar bilen ýaşap ýör.
Eşek häsiýetli Welsaparyň ýurtdan gaçyp gideli bäri aýlar aýlanyp, ýyllar geçdi. Hemişelik Bitarap Türkmenistanda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamda kän-kän tutumly işler amala aşyryldy. Iri-iri senagat toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi, ýurt senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda tanalýar. Diýarymyzyň çar künjünde azym-azym şäherler, täze-täze obalar yzly-yzyna peýda bolýar. Bularyň ählisi-de merdana türkmen raýatlarynyň gujurly zähmeti, alyn deri bilen peýda bolýar. Çekilýän bu zähmeti görmek, duýmak ukybyndan jyda düşen messepsiz Welsaparyň beýnisiniň-de uzakdan görmezlik keseli bolan - daltonik göz keseline ýoluganyna çalym edýär. Eý, beýnisi hassa, Welsapar, sen il-günüňe şyltak atmaňy bes et-de, derhal beýniňi bejertmegiň gamyny iý! Seniň diliňe getirýän sözleriňi eşidýän sagdyn pikirli ynsanlar, seniň beýniň-de bejergä per bermeýän aklyçaşanlyk - marazm hem-de huşsuzlyk - аlzgeýmer keselleriniň alamatlarynyň möwjeýändigini aňryýany bilen duýýarlar.
Eý, Welsapar! Magtymguly Pyragy ýöne ýere gara guşlaryň beýik baglara ýaraşmaýandygyny ýazmandyr ahyryn. Eý, içki hem daşky dünýäsi ahmyrlar içinde garran, arzuwlary başa barman - dargan, keç ykbala ýaran, hudaýgargan, iýen duzuna kast eden betbagt, Welsapar, saňa tä sanalgyň dolýança bu dünýäde niýetiň-päliň ýoldaşyň bolsun, diýesimiz gelýär. Seni diňe beýik baglar däl, şeýda bilbilli, hoşboý ysly bägüller hem däl, hat-da güne solan sary sähranyň gyrymsy otlary däl, üstünden ýyllar aşan gara çüýrük ýandak hem öz şahalarynda saýratmaz.
Ömür saly ýetmişiň onundan ätlän мессепсиз Welsaparyň saçyna durmuş gyraw sepenem bolsa, akyl bermändir. Şer tapsa tagamdan ýüz öwürjek dawalarbaşy saýylýan Welsapary gabyrdan başga zat düzedip bilmez. Öz mähriban maşgalasyna bagt berip bilmedik ak saçly ata Welsapar, nädipler külli halkы bagtly edip biljekkä?! Ol ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, öz twitлеrinde il-gün üçin ömrüni aýaman zähmet çekýänlere şyltak atyp, lezzet almak ýoluna düşüpdir. Onuň samahullamalaryna Türkmenistanda asla gulak gabardýan ýok. Onuň üýrýän ýakymsyz sesine hiç kim pitiwa edenok. Emma onuň, “pile üýrýän Moska” atly gürji mysaly, şol jöw-jöwläp ýörşi. Seniň ýalan üýrmeleriň ýeri indi kime gerek, akmak Welsapar! Seň iň gowusy sesiňi sem et-de, gapyl! Lalyňy açyp, sokul-da, otur. Ýa-da ýazyjy boljak bolup, başda baş goşan pişäňe dowam ber-de, ýazyjy bolmasaň-da, ýazyjysumak beri bolmaga synanyş! Ýöne seniň bimany eserleriň bu gün ile-güne, halka asla gerek däl!
Halkyň öňüne düşmek üçin, halk bilen bile ýaşap, bir howadan bile dem alyp, biliňи mäkäm guşap, bile işläp, gazanylan çöregi deň dişläp, heňňam sürmeli. Sen bolsa, ömrylla beýle etjek adam däl! Sen tetelliden gara baglar däl, gara daglar, şar gara zaglar hem gaça durýar ahyryn! Ine, şuňa akly ýetmedik, nädip özgelere özüni diňletsin!
Bigaýrat ýigitler diňe Taňrynyň duşmany bolman, eýsem öz jisimleriniň, wyždanlarynyň, külli türkmen halkynyň-da süňk duşmanlarydyr! .....