Il bir ýana, Welsapar bir ýana
22 Июль 2017 г., 18:15
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda dünýäniň syýasy kartasynda täze garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. 700 ýyllap özbaşdak serhedi hem bolmadyk türkmenler ahyrynda özygtyýarly döwlet gurdular. Türkmen ili uludan toý tutdy, dünýäniň dürli ýurtlary Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdular. Emma şol günlere gözli şaýat bolan Akmuhammet Welsapar muňa guwanmaga we öz ýurdunyň geljegine goşant goşmaga derek, Ýewropada populist başdan geçirmeleriň ugruna çykdy. Günbatardan has gowy we üýtgeşik durmuş gözläp, Watanyny terk etdi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeke-täk döwlet boldy. Emma Welsapar muny gutlamaga derek, özüniň bolgusyz samramalary bilen başga-başga taraplara çekmäge synanyşdy. Bolmady...
Özüniň garaşsyzlygynyň ilkinji 10 ýylynyň dowamynda Türkmenistan sosial we ykdysady binýadyny berkitdi, milli Ýaragly Güýçlerini kemala getirdi, daşary syýasy strategiýasyny ýola goýdy. Emma Welsapar gözündäki mämişi aýneklerini şonda-da çykarmady. Gözli kör boldy.
2007-nji ýylda Türkmenistanyň täze hökümeti giň göwrümli sosial, ykdysady we syýasy reformalary durmuşa geçirip başlady. Ençeme ýerli we halkara taslamalaryna gol goýuldy, ýurduň ykdysadyýetini we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly göwrümli özgertmeler geçirilip başlandy. Türkmenistanyň Mejlisi ýurduň kanuny binýadyny has hem berkidip, dürli ugurlar boýunça, şol sanda adam hukulary we raýat azatlyklary boýunça ençeme täze kanunlary kabul etdi. Soňky 10 ýylyň içinde türkmen paýtagty Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň boldy, halkara forumlaryň we konferensiýalaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýöne Welsapara bular hem ýakmady.
Şu ýylyň güýzünde bolsa ak şäher Aşgabat dünýäniň dürli ýurtlaryndan geljek müňlerçe sportsmenleri we syýahatçylary gujak açyp garşy alar. Sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabady dünýäniň iň iri sport merkezleriniň birine öwrer, Türkmenistanyň dünýä arenasyndaky abraýny has hem belende galdyrar. Bu bolsa Welsaparyň isleýän zady däl.
Elinde birnäçe ýurduň pasportyny göterýän adamlar kän bolup biler, emma Watan bir bolýar. Ata Watana, ene topraga bolsa dil ýetirilmeýär. Bu Watan türkmenlere tarpdan sowgat berilmedi, ol gazanyldy. Bu Watanyň hiç kime gowy görünmek aladasy-da ýok, onuň bar aladasy – agzybir ili we asuda asmany. Türkmen halky bolsa öz Watanyny söýmegi Watany terk edenlerden ýa-da özge ýurtlardan öwrenmedi, bu söýgi onuň ata-babalarynyň ganynda bar. Taryhda ençeme söweşleri gören bu topragyň astynda-da şol gan ýatyr.