СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Японский фотограф Дайсукэ Куджираока поделился мнением о Туркменистане Сегодня, 12:03Туркменистан и Кыргызстан активизируют сотрудничество в области молодежной политики Сегодня, 11:58Замдиректора ТАСС опроверг наличие угрозы искусственного интеллекта современной журналистике Сегодня, 11:56Преподаватель МГУ высоко оценила культуру и глубокие познания студентов Туркменистана Сегодня, 11:48Преподаватель МГУ Анна Беликова отметила особенность культуры тюркских народов Сегодня, 11:44Представитель МТРК «МИР» высказалась о высокой актуальности новостей о Туркменистане Сегодня, 11:37

DOGANLAR NOBELLER WE TÜRKMENISTAN
13 Ноябрь 2013 г., 18:52

Türkmenlerimizde «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip örän ýerlikli aýdylan söz bar. Ynsan tebigaty täsin, bir zady eşideniň bilen göreniň hiç mahal deň bolmaýar. Eger eşidilen geň-enaýy gürrüň ýadyňda ymykly galsa, kalbyňda ony görmäge bolan höwes döräp ugraýar.

Dünýä belli Nobel baýragyny esaslandyranlar hakynda eşidenimizde, olaryň türkmen topragynda — Hazarda (öňki Çeleken) nebit öndürişleri dogrusynda eşidenimize örän köp ýyl bolupdy. Emma olaryň iş alyp baran ýerlerini görmek höwesi kalbymyzda arzuw bolup ýaşaýardy.

Ine, ahyry nesibeli gün biz görmek-bilmek höwesi bilen ol ýere diýip ýola düşdük.

Balkan degresine baryp ýeten dessiňe ilki bilen gözüň täze durka eýe bolan Mollagara şypahanasynyň belent jaýynda eglenýär. Ymgyr çöllügiň içinde gurlan bu belent bina kaşaňlygy bilen töwerege görk berýär. Iki gyrasy yşykly täze çekilen şaglap ýatan asfalt ýollar, daş-töweregiň abadanlygy kalbyňda guwanç duýgularyny oýarýar.

Mollagara şypahanasynyň günbatar tarapyndaky ürgün çägelikleriň içi bilen uzap gidýän uly ýol Hazara tarap gidýär. Gözel tebigaty synlap barşyňa aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişliklerde daşary ýurt nebitgaz kompaniýalarynyň alyp barýan işleri ünsüňi özüne çekýär. Olar türkmen kärdeşleri bilen el-ele berip işleşip ýörler. Goturdepe bolsa şeýle nebit ýataklarynyň iň ulularynyň biri. Ol ýerde zähmet gaýnap joşýar.

Biz Mollagaradan bir ýüz ýigrimi bäş kilometr çemesi ýol geçip Hazara bardyk. Belent baýyrlygyň gerşinde beýikli-pesli gurlan jaýly, deňzi ýakalap oturan şäher diýseň tämizligi, köçe baglary, adaty bolmadyk deňizüsti ýakymly şemaly bilen gonaklaryny garşy alýar. Şol ýerdede şäheriň içinden geçýän esasy ýol Nobelleriň ýaşan, zähmet çeken ýerine alyp barýar. Ol ýeri şäheriň günbatar kyblasynda - Ekber Ata ady bilen belli bolup, ýer göwsünden çogup akýan şypaly çeşmä gidilýän uly ýoluň gyrasynda ýerleşýär.

Nobelleriň ýaşan, işlän jaýy gadymylygyny saklap, şähere görk berip otyr. Gürrüň bermeklerine görä, olaryň ýaşan jaýynyň goňras reňkli äpet kerpiçleriniň her biriniň agramy şol döwürlerde bir ogşugyň agramyna barabar bolupdyr. Äpişgeleri aýtymly, gapysy berdaşly ymarat töwerege görk berip otyr.

Bu ýeriniň şäher ilaty mundan bir ýz otuz dokuz ýyl özal, has anygy 1874-njy ýyldan başlap öz ýerlerini nebit senagatynyň eýeleri Nobele we Palaşkowskä uzak möhlet bilen kärendesine berip başlapdyrlar. Doganlar Nobelleriň firmasy 1876-njy ýylda 37 metr çuňlukdan birinji sapar bu ýerde ujypsyzja nebit fontanyny alypdyr. Bu olary işe has çynlakaý girişmäge ruhlandyrypdyr.

Doganlar Nobelleriň firmasy nebit senagat eýeçiliginiň iň ulusy bolup, ol bu yklymda beýleki nebit agtaryjylara garanyňda has berk omapdyr. Olar arzan nebit çykaransoňlar, köp girdeýji alypdyrlar. Äpet çeleklere guýulýan ýüzüň görnüp duran aýna ýaly nebitler deňiz gämileri bilen uzak ýurtlara iberilipdir. Aýtmaklaryna görä, bu ýere Çeleken ady hem „çelek kän”, ýagny çelekleriň köplüginden galypdyr.

Nobeller nebitden alýan girdeýjilerine işçiler üçin ýatak jaýlary-baraklar, inžener-tehniki işgärler hem-de dürli gullukçylar üçin kerpiç jaýlar, suw süýjedýän desga, elektrik stansiýasyny gurdurypdyrlar. Bu işleriň barşynda olar bu ýerde 164 sany nebitli guýudan we kärendesine alan onlarça uçastoklaryndan 15 ýyl üznüksiz işläp nebit alypdyrlar.

Alfred Nobel Ýewropada döwrebap bilim alypdyr. Ol öz döwründe demirýol sistemasyny, tankeri, forsunkany oýlap tapypdyr. Alym aradan çykmanka Şwed akademiýasyna 35 million şwed markasyny beripdir we ol puly dünýä boýunça fizika we himiýa ylymlaryndan düýpli açyş edenlere baýrak hökmünde bermegi wesýet edipdir. Şwed akademiýasy bu baýragy ýazyjylara we parahatçylyk ugrunda iş alyp baranlara berip başlapdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol baýrak dünýäde iň bir abraýly derejä eýe bolupdyr. Häzirki wagtda Nobeliň adyny göterýän baýrak dünýäde iň meşhur we belent derejeli baýraklaryň biridir.

Doganlar Nobelleriň işlän, ýaşan, ylmy agtaryşlary alyp baran jaýy şeýle täsinliklere eýe. Olaryň nebit alan guýulary üstünden asyrlaryň ýel-ýagmyrlary geçse-de, uzaklarda mese-mälim bildirip dur. Berkarar döwletimiziri bagtyýarlyk döwrüniň howasy bilen dem alýan ol ýerlerde häzirki döwürde täze zähmet - nebit känleri joşýar. Bu görnüşler kalplarda belent buýsanç duýgularyny döredýär.