СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Туркменистане прошла партнерская конференция с Синьцзян-Уйгурским автономным районом КНР Сегодня, 14:32Главы МИД Туркменистана и Республики Нигер обсудили развитие сотрудничества Сегодня, 14:30Главы МИД Туркменистана и Буркина-Фасо обсудили подготовку к конференции в Авазе Сегодня, 14:27Большая группа студентов из Ташкента проходит стажировку в Туркменистане Сегодня, 14:24Делегаты Туркменистана принимают участие в региональном семинаре ВТО в Вене Сегодня, 14:22В Туркменистане стартовал конкурс инновационных проектов «Цифровое решение – 2025» 01 Июль 2025 г., 14:17

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän ulag forumyna gatnaşyjylary gutlady
18 Июль 2022 г., 03:33

 Şu gün Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi. Onda bu möhüm çäräniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, özara arabaglanyşygy we ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirilýär.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit hem-de yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmegine örän jogapkärli çemeleşýär. Ýurdumyz milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar. Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi häzirki döwürde ýükleri daşamak üçin halkara ulag geçelgeleriniň bökdençsiz ulanylmagynda hem aýratyn ähmiýetlidir.

"Ýurdumyzyň ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, ygtybarly energetika we ulag gatnawlarynyň netijeliligini üpjün edýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Biz geljekde-de ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy dowam etdireris. Munuň özi diňe bir oňyn öňegidişlikleri we ösüşleri gazanmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň ýüze çykarýan möhüm meselelerini hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam eder" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatda şu we beýleki meselelere ylmy esasda garaljakdygyny nygtady.

Şeýle-de maslahatda sebitde durnuklylygy saklamak, döwletleriň biri-biri bilen ykdysady gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrmak, ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň kuwwatlanmagyna itergi bermek ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alşylar. Munuň özi üstaşyr ulag geçelgeleriniň, intermodal logistik merkezleriň, guryýer menzilleriniň üsti bilen awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollaryny özünde birleşdirýän ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşine itergi berer.