СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Туркменском государственном университете состоялось награждение педагогов и студентов 11 Сентябрь 2025 г., 10:05Делегация Министерства образования Туркменистана приняла участие в форуме в Дании 11 Сентябрь 2025 г., 10:01Туркмено-узбекский фильм «Махтумкули Фраги» награжден дипломом в Казани 11 Сентябрь 2025 г., 09:59Президент Туркменистана поздравил с открытием нового посёлка Битараплык 11 Сентябрь 2025 г., 09:57В Туркменистане начался массовый сбор хлопка-сырца 11 Сентябрь 2025 г., 09:55Туркменистан и ООН обсудили сотрудничество в области противодействия современным угрозам 10 Сентябрь 2025 г., 09:38

Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň Registan meýdançasynda boldy
16 Июль 2022 г., 03:49

 Özbegistana döwlet saparynyň ikinji gününde Samarkantda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bu şäheriň iň meşhur künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna baryp gördi we onuň çägindäki desgalaryň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy. Bu baradaky maglumatlary "Türkmenistan" gazeti okyjylara ýetirdi.

Samarkant — syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän gözel künjekleriň şäheri. Onuň çäginde şeýle ýerlere her ädimde duşmak bolýar. Meşhur Registan meýdançasy bolsa Samarkandyň özboluşly nyşany hökmünde tanalýar.
Meýdançada XV — XVII asyrlara degişli medreseleriň 3-si ýerleşip, olar bir bitewi binagärlik gurluşyny emele getirýär. Bu medreseler şol döwürlerde yslam dinini öwrenmek isleýänler üçin ruhy bilim merkezleri bolup hyzmat edipdir. Her medresäniň öz ýaşaýyş otaglary, metjidi hem-de içerki howlusy bolupdyr. Biziň günlerimize çenli abat ýagdaýda gelip ýeten bu arhitektura toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.