СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Председатель Халк Маслахаты провел заседание государственного оргкомитета по мероприятиям 2025 года Сегодня, 09:51Туркменистанцы могут находиться в Малайзии без визы до 90 дней Сегодня, 09:47Туркменистан активизирует сотрудничество в сфере туризма Сегодня, 09:45В Туркменистане проводится масштабная работа для творческого роста молодёжи Сегодня, 09:43Какие спектакли покажут в театрах Ашхабада в эти выходные Сегодня, 09:40Индия примет активное участие в мероприятиях в честь «Международного года мира и доверия» – посол Сегодня, 09:38

Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen barmaga çakylyk aldy
13 Июль 2022 г., 22:29

 13-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Myhman BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtap, döwletimiziň uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek, döwrebap ugurdaş düzümi kemala getirmek babatda pudaga innowasiýalary, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmäge eýerýändigini aýtdy. Bu babatda ýola goýlan, bilelikde işlemek boýunça köpýyllyk tejribä eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” energetikada özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak wajyp hasaplanýar.