СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Париже состоялся концерт мастеров искусств Туркменистана Сегодня, 15:42В Париже стартует второй день Международного инвестфорума TEIF-2024 Сегодня, 15:41Туркменистан открыт для сотрудничества в области нефтепереработки Сегодня, 15:40Президент Туркменистана присвоил почетные звания отличившимся коневодам Сегодня, 13:10Гурбангулы Бердымухамедов встретился с главой Восточного комитета германской экономики Сегодня, 13:05Президент Туркменистана принял главу дипломатии Великобритании Сегодня, 13:01

Türkmenistan beýik sepgitlere tarap
26 Декабрь 2013 г., 16:24

Belentlik... Eýsem, belentlilk diýip biz nämä düşünýäris? Belentlik öz deň-duşlaryňdan haýsydyr bir taraplaýyn artykmaçlygy özüňde jemläp bilmek başarnygydyr. Diňler, beýik depeler, daglar... Olar ilki göze ilip, beýlekilerden tapawutlanyp, uzaklardan görünýärler. Beýiklik ynsan barasynda hem şeýledir. Ýöne adama öz deň-duşlaryndan saýlanaýmak aňsat iş däldir. Oňa şeýle etmek üçin Alla tarapyn berlen üşügem, başarnygam, daş ýarýan zehinem, erk-ygtyýaram gerek. Ýogsam, millionlaryň  arasyndan saýlanaýmak  her kime başartmaýar. Halk  mizan terezisi. Ony aldap, gözüne çöp atyp bilmersiň. Türkmen halky öz ykbalyny Prezident G.Berdimuhamedowa ynandy. Adam ýalňyşyp biler, ýöne halk ýalňyşmaýar. Halk onuň alyp barýan il bähbitli işlerini göre-göre gelýär we ýokary baha berýär.

Eýsem Prezidentimiz  tutuş halky yzyna düşürmek üçin nämelerden başlady?  Bu soraga şu aşakdaky ýaly jogap berse bolar. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, adamlary ýeterlik iş orunlary bilen üpjün etmegiň ugruna çykdy. Onuň üçin pagtanyň, dänäniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň satyn alnyş nyrhyny ýokarlandyrdy. Munuň özi ýurdumyzdaky zähmete ukyply adamlarda ruhy ýokary göterilişini döretdi. Býujetden hak alýan işgärleriň aýlyk haklaryny galdyrdy. Mugallymlaryň hepdelik okuw sagatlaryny azaltdy. Şeýlelik bilen, öz  hünäri boýunça işlemän,  başga  ýerlerde  güýmenip ýören tejribeli hühärmenler, medissina işgärleri, mugallymlar  öňki iş   orunlaryna gaýdyp geldiler. Ýurtda gysga döwrüň içinde zawod-fabrikler, edara-kärhanalar, ýaşaýyş jaýalary gurlup başlandy. Başgaça aýtsak,  Türkmenistan gurluşyk meýdançasyna  öwrüldi. Munuň özi işsizleri iş orunlary bilen üpjün etmäge şert döretdi.

Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Iri maldarçylyk hojalyklary döredildi. Öri meýdanlar giňeldildi, çopanlaryň iş şertleri gowulandyryldy, zähmet haklary ýokarlandyryldy. Geçirilen çäreler maldarlaryň öz işlerine bolan höweslerini artdyrdy.

         Şonuň ýaly-da telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmäge giň ýol açyldy. Biziň bilşimiz ýaly, il içindäki başarjaň adamlara  gurmaga, döretmäge, erkin işlemäge, halka  gündelik zerur bolup durýan harytlary öndürmäge  mümkinçilik  döredildi.  Olar häzir ýurdumyzda isleg bildirilýän harytlaryň ep-esli bölegini öndürýärler.

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri, döwür üýtgedi, heňňam täzelendi. Türkmen jemgyýeti täze belentliklere galdy. Halkyň ýaşaýyş durmuş derejesi ýokarlandy. Ýöne türkmen maşgalasy we onuň synagdan geçen gowy däpleri entek    maşgala durmuşymyza  milliligiň  ornaşdyrylmagynda öz nusgalyk täsirini saklýar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, her bir işde ene-ata bilen maslahatlaşmak ýaly däpler durmuşa has giňden ornaşýar. Şu zatlaryň aňyrsynda türkmen  maşgalasynyň bitewülik we agzybirlik ýaly gowy däpleriniň ýatandygyna doly göz ýetirýäris. Türkmenistanda maşgala meselesine we onuň agzybirligine uly sarpa goýulýar. Aslynda, türkmençilikde agzybir maşagala bolmak, ene-ataňa hormat goýmak, olaryň ýagdaýlaryny sorap durmak biziň  milli gymmatlyklarymyzyň belendi hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda, senagatda, oba hojalygynda, saglygy saklaýyşda, ylymda-bilimde gazanan üstünliklerimiz deňsiz-taýsyzdyr. Özüniň parahatçylyk söýüji syýasaty, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda alyp barýan netijeli işleri bilen Türkmenistan dünýä arenasynda uly abraýdan peýdalanýar.

Döwletimizde adamlar hakyndaky alada syýasatymyzyň özenini düzýär.  Şonuň üçin adam hem onuň saglygy, olaryň bolelin durmuşda ýaşamaklary, ýeterlik ylym-bilim almaklary, hemme amatlyklary bolan giň we ýagty jaýlarda ýaşamaklary ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatymyzyň esasy ugurlarydyr.  Mundan başga-da raýatlaryň  hukuk taýdan goraglylygy, kimdir birine garaşly bolmazlygy, medeniýetli dynç almaga şertleriň döredilmegi... bulary sanasaň sanap oturmaly. Biz häzir bagtyýarlyk döwrüne gadam basdyk. Bu ýol bizi, tutuş türkmen halkyny täze bagtly durmuşa, eşretli zamana alyp barar.