СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Гурбангулы Бердымухамедов выступил с приветственной речью по случаю открытия новой мечети города Анау Сегодня, 11:49Глава Туркменистана встретился с Генсеком Организации тюркских государств Сегодня, 11:43Президент Туркменистана встретился с главой Международной федерации тенниса Сегодня, 11:37Сердар Бердымухамедов принял Генерального секретаря ЮНВТО Сегодня, 11:33Президент Туркменистана принял Генерального секретаря ОЭС Сегодня, 11:22Рассмотрена возможность открытия факультета туркменского языка в университете Кореи Сегодня, 11:16

Saýlamaga, saýlanmaga hakym bar
20 Декабрь 2013 г., 16:21

Çagalykdan galan edähet, saýlaw güni irgözinden ýatyp, ir turýaryn. Sebäbi, meniň aňyma, saýlaw-baýramçylyk diýen düşünjäni guýupdyrlar. Saýlawyň baýram kemi ýok. Mekdepde okaýan döwrümizde, çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşýan ýaşlar bolup, ertir saýlaw diýlen agşamy, ýygnanardyk-da, ertirki etjek işlerimizi çemeläpdik. Saz gurallara serederdiler, okaljak goşgulary, aýdyljak aýdymlary jemläpdik. Kimiň nirede we haçan çykyş etmelidigini meýilleşdirerdik.

Ine, 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynyň Ýekşenbe güni ir oýanyp, gök çaýdan keýp alyp, saýlaw ýerine tarap ugradym. Ol saýlaw ýerine golaýlaşdygymça, aýdm-sazyň joşguny meni ganatlandyrdy. Saýlawa barýan adamlaryň hatary kem-kem köpelip başlady. Bu hatar-hatar adamlaryň arasynda-dam daşary ýurtly adamlary hem bardy.

Ine bir garry ene agtygynyň elinden tutup barýar. Ajaýyp bejerilen tahýajygy, çaganyň elindäki gül bilen reňkleşip, eneli gyzyň görküne görk goşýar.

Gyzjagaz enesiniň elinden tutup barşyna, saýlaw ýerinde ýaňlanýan aýdym-saza aýagyny goşup, ellerini kemeledip başlady.

-Ene, senem kijijikkäň akidipmidiler?

-Hawa, balam, bir gezegem däl, telim gezek äkidipdiler.

Adalatlygyň, deňligiň, demokratiýanyň dabaralanşyna şaýatlyk edýän, Garaşsyzlyk döwrüniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň saýlawy, öňkülerden, çagakak gören saýlowlardan has üýtgeşik. Indi öňkiler ýaly kagyzda beýan edilen bir ada, tanmaýan-bilmeýän, görmedik adamyňa ses berilenok-da, sözüň doly manysynda, Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp seçilýär. Üç-dört adamyň içinden isläniňi saýlamaly. Özem saýlanjaklar bilen ilki duşuşylýar, mazaly tanyşylýar. Onuň etsem goýsamy göwnüňden turmasa, ondan ýüz öwürüp bilýäň. Göwün ýeten adamyňy, şundan-a tamam çykar „diýen şahsyýeti“ başdan hödürlap bilýäň. Soň mazaly tanyşýarsyň. Isleseň saýla-islemeseň saýlaman bilýäň.

Oňa çenli bir eli çemenli gyz olaryň öňünden çykdy. Gyz ýyljyraklaýardy. Ol hormat bilen garry enä salam berdi. „Baýramyňyz gutly bolsun!“ diýdi. Özüniň ilkinji gezek saýlawa gatnaşýandygyny, oň a gül çemeniň ýany bilen sowgat gowşurylandygyny, özüniň bagtlydygyny, islän adamsyny Mejlisiň deputatlygyna saýlandygyny aýtdy.

Soňam: Mamagül eje, size joraňyz Annabibi daýza garaşyp dur. Özem sowgada mynasyp boldy. Siz ony köp garaşdyrmaň. Ol çykyş edýän ýaş oglan-gyzlara bir sazy çalyp bermeklerini, ýone ony öz jorasy, ýagny siz baranyňyzdan soň çalyp bermeklerini, siz bilen tansa çykmak hyýalynyň bardygyny aýtdy.

-Sagja bol, gyzym. Annabibini garaşdyryp bolmaz. Häzir ýeterin. Oň bilen bileje silkinip alarys. Ýüregiň böküp dursa, el-aýagyň senden soraman herekete geliberýär. Biz bilsa, diýseň bagtly adamlar. 50 ýyl zähmet çekdik, haly dokadyk, indem öz zähmetimiziň hözürini görýäris. 7 gelnim, 16 sany agtym bar, çogluga-da garaşýarys. Sýlawlara gidip, islan adamymy Mejlisiň deputatlygyna saýlap bilýän. Halkyň içinde gadrymy bilýäler, baran ýerimde güler ýüz bilen garşylaýarlar. Onsaň, biz begenmän, biz joşman, kim joşsun! Bagtyýar döwürde ýaşaýanyma, içine gül pürkülen ýaly, ähli amatlyklary bolan jaýda agtyklaryma guwanyp, ogul-gyzlaryma, öwüt-nesigat berip oturanyma diýseň begenýän.

 Şäherimizem bizi joşdurýar. Daş-töwerek gül-gülalalyk, ýaşyl öwsüp oturan arçalaryň ysy seniň keýpiňe keýp goşýar. Adamlar asuda asmana guwanyp, goňşusyna dadymlyk goňşyokara ugradýar. Toýuna baryp öz toýuna çakylyk edýär. Bir söz bilen aýdylanda, adymyz äleme doldy. Gadym Garagum gülzarlyga öwrülip barýar, onuň hötdesinden gelýänem, saýlamaga hem saýlanmaga hukukly, ýurduny gülzarlyga öwürýän türkmen ili.

Goý, bu bagt bize uzagyndan berildigi bolsun!

Goý türkmen halky öz elýetmez demokratiýasyna guwansyn!

Ýaşasyn gözel Türkmenistan!