Новости экономики

Türkmenistanyň agrosenagat toplumyny ösdürmegiň 2013-nji ýyl üçin esasy ykdysady görkezijileri

21.05.2013

Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynda daýhanlar üçin ähli şertleriň döredilmegi, olaryň çekýän zähmetlerine görä mynasyp baha berilmegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň agrosenagat toplumynyň pudaklarynyň kämilleşip ösmegi we täze sepgitlere ýetmegi üçin güýçli itergi berdi, gahryman daýhanlarymyzyň yhlas bilen bol hasyly ösdürip ýetişdirmekde çekýän zähmetiniň derejesi ýokarlandy, özüniň gazanýan halal zähmetiniň hözürini görmegine we ata-babalarymyzyň ekerançylyk senediniň täzeden dikeldilmegine uly buýsanç bilen garaýarlar.

Oba hojalygynda zähmetkeşleriň esasy maksady häzirki döwürde alnyp barylýan özgermeler we türkmen topragynyň bol hasylly topragyny netijeli ulanmak, oňa eýeçilikli çemeleşmek netijesinde ýokary görkezijileri gazanmak bolup durýar. Olar özleriniň joşgunly çekýän halal zähmetleriniň, ata-babalardan galan ekerançylyk däplerini kämilleşdirmegiň hem-de ylmy barlaglaryň we gazanylan tejribeleriň netijesinde uly üstünliklere eýe bolýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk pudagy bilen bagly geçirýän agrar syýasaty netijesinde agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynyň önümçilik infrastrukturasynyň ösdürilmegine we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna, oba hojalyk pudagyny mineral dökünleri bilen üpjün etmek wezipelerini alyp barýan himiýa pudagynyň ösdürilmegine, şeýle-de, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw üpjünçiligi meselelerini çözmekde  maksatlaýyn godawlar berilýär. Agrosenagat toplumyna gerek bolan döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki gerek bolan oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak-howa şertlerinde deslapky synaglary geçirmek bilen satyn alynýar. Kärendeçilere gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde döwlet tarapyndan ýeňillekler berilýär.

Oba hojalygynyň möhüm pudagy bolan ekerançylygy ösdürmekde, Türkmenistanyň „ Tohumçylyk“ hakyndaky kanunyň kabul edilmegi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler, maldarçylykda mallaryň we guşlaryň baş sanynyň köpelmegine hem-de olaryň baş sanyny gorap saklamakda ulgamyň güýçlendirilmegine, şeýle hem pudagyň görkezijileriniň hil taýdan ýokarlanmagyna we weterinar gullugynyň kämilleşmegine özüniň bahasyna ýetip bolamajak goşandyny goşdy. Bu bolsa geljekde pudagyň çalt depginler bilen ösmegi, ýurdymyzda azyk bolçulygyny we bazarlary et, süýt, ýumurtga, balyk we ýurdumyzda öndürilýän beýleki önümler bilen doldurmaga mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Azyk senagatynyň kärhanalarynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi oba hojalyk önümçiliginde öndürilýän jemi önümleriň möçberiniň nýokarlanmagyny üpjin edýär. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk guramalarynyň köpüsi ykdysady taýdan pugtalandyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetinň mejlisinde obalarda, täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak  işlerini işjeňleşdirilmegiň möhümligini aýratyn belledi. Ilkinji nobatdaky amala aşyrylmaly mesele ýerleri daýhanlara we telekeçilere uzak möhletleýin kärendesine bermek bolup durýar. „Bu usuly agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynda tejribä ornaşdyrmak gerek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary, süýt önümçiliklerini, maldarçylygy ösdürmekde başarjaň we telekeçilige ukyply adamlary goldamaly. Bu işler bilen meşgullanýanlara döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Oba hojalygyny özgerdip gurmakda döwlete dahylly bolmadyk bölegiň orny uludyr“ diýip döwlet Baştutany  belledi.

Ýýurdumyzyň agrosenagat toplumyny ösdürmek we beýik sepgitlere ýetmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitleýän bu Maksatnamanyň wajyp ähmiýete eýedigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow „Türkmenistanyň Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny“ tassyklady.

2012-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky ýurdumyzyň alymlarynyň gatnaşmagynda geçiren maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agrosenagat toplumynda innawasion tehnalogiýalary ornaşdyrmagy esasy wajyp mesele edip belledi.

Şu ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna degişli bolan ylmy-barlag institutlary pagtanyň, dänäniň, bakja, gök, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň ir ýetişýän we bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek, oba hojalyk ekinleriniň iň gowy görnüşlerini saýlap almak we olrary sebitler boýunça ýerleşdirmek,  hem-de ösümlikleri we mallary gorap saklamakda biotehnalogiki usullaryny işläp taýýarlamakda degişli işleri geçirmelidirler.

Agrosenagat toplumynda ýer, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirilmek we ekinleri etraplaryň toprak-howa şerlerine görä ýerleşdirmek, ekinleri ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kýrhanalary köpeltmek boýunça  işler amala aşyrylmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjin etmeklige, işjeň ýaşaýyş üçin ilata kada laýyklykda sagdyn iýmitlenmegiň elýeterliligini, şeýle hem azyk önümleriniň ýokary hilli we  howpsyz bolmagyna aýratyn üns berýär.

Ilaty azyk önümleri bilen üpjin etmegiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady meselelerini çözmekde örän möhüm orny eýeleýär we milli, ykdysady, durmuş demografik we ekologiki taýdan uly möçberli meseleleri özünde jemleýär.

Türkmenistanyň  esasy strategiki maksady ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri we  senagaty çig mal bilen ygtybarly üpjin etmekdir. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjin etmegiň esasy wezipeleri içerki we daşarky çeşmeleriň hasabyna azyk garaşsyzlygynyň durnukly bolmagyny üpjün etmek we ätiýaçlyk gorlaryny döretmek bolup durýar.

Içerki we daşarky şertleriň üýtgemegine garamazdan Türkmenistan azyk howpsyzlygyny we garaşsyzlygyny gazanmak bilen özümizde öndürilýän azyk önümleriniň esasy görnüşleriniň hasabyna ilaty azyk önümler bilen ýeterlik derejede üpjin edýär.

          „Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy“, Welaýatlary 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasy“ we welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde  möhüm ädimleriň biri bolar.

Oba hojalyk önümçiliginiň güýçlendirilmegi we ykdysadyýetiň bu bölegine uly möçberli maýa goýumlaryň goýberilmegi netijesinde oba hojalyk önümçiliginiň jemi önüminiň möçberini 10,9 mlrd. manada deň bolup, geçen ýyla garanyňda 10,4% ýokarlandy.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän oba hojalyk önümi bolan bugdaýyň hojalyklaryň ähli toparlarynda, öndürilen möçberi 1200,1 müň tonna deň boldy. Ýyrdumyzyň dokma senagaty üçin esasy çig mal bolan durýan pagtanyň  2012-nji ýylda 1109 müň tonnasyny öndürmek, gök önümleriň öndürilişini 13,1%, bakja önümlerini-14,0%, kartoşkany - 17,9%, miweleri we ir-iýmişleri - 20,6%, üzümi - 5,8%, şalyny - 2,7 esse we gant şugundurynyň öndürilişini  24,6% ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Maldarçylygy ösdürmek aýratyn üns merkezinde durýar. Suwarymly ýerlerde ýetişdirilýän we tebigy otlardan taýýarlanylýan ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna maldarçylykda ot-iýim binýady ep-esli derejede giňeldildi, şeýle hem tebigy öri meýdanlarynyň suwlylandyrylmagynyň we kiçi suw desgalarynyň hem-de öri meýdanlarda öňden hereket edýän suw geçirijileriň durkuny täzelemegiň  hasabyna we alnyp barylýan tohumçylyk işleriniň netijesinde mallaryň önüm berijiligi ýokarlandy we hojalyklary ýöretmegiň   ähli toparlarynda gara mallaryň gylýallaryň baş sany 6,1%, dowarlaryňky - 13,2%, guşlaryňky - 9,9%, düýeleriňki - 12,3% we atlaryňky- 3,1% ýokarlandy.

Hojalyklaryň ähli toparlarynda maldarçylyk önümleriniň möçberi ýokarlandy. Diri agramda etiň  öndürilişi (guş etini goşmak bilen) 594,1 müň tonna, süýdüň öndürilişi 2353,8 müň tonna, ýumurtganyň öndürilişi 1061,6 mln. sany we fiziki agramda ýüňüň öndürilişi 43,8 müň tonna deň bolup, geçen ýyla garanyňda degişlilikde 6%, 6%, 13,2%, 11,7% ýokarlandy. Öndürilýän maldarçylyk önümleriniň  agramly bölegi hususy eýeçilige degişli bolup durýar.

2012-nji ýylda geçen ýyla ýyla garanyňda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň we döwlete dahylly bolmadyk kärhanalaryň işjeňligini ýokarlandyrmagyň hasabyna  et we et önümleriniň 0,7%, süýt we süýt önümleriň 1,2%, et konserwleriniň 1,6 esse we ösümlik ýagynyň 9,2% köp öndürilmegine garaşylýar.

2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2012-nji ýylda özümizde öndürilýän unyň möçberi 582 müň tonna, ýarmanyň möçberi 11,6 müň tonna deň bolup, degişlilikde 9,6% we 34,5% ýokarlanar. Süýji-köke önümleriniň  36,1 müň tonnasy, un aş önümleriniň 10,3 müň tonnasy öndürilip, 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende degişlilikde 5,7%, 7,0%  we  gök-önüm konserwleriniň möçberi 29,4% ýokarlanar.

Öndürilýän önümleriň möçberi önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanylmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň we görnüşlerini köpeltmegiň hem-de önümçilik ýitgilerini peseltmegiň hasabyna ýokarlanar.

Ýurdumyzyň balyk hojalygy giňden ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýöriteleşdirilen dükanlarda balyk önümleriniň satylyşy ýola goýulýar. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, hususy telekeçilere balygy ösdürip ýetişdirmekde we balyk önümlerini öndürmäge ygtyýarnamalar berilip başlandy. 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2012-nji ýylda balyk we beýleki balyk önümleriniň 3163 tonna, balyk we gaýtadan işlenen we konserwirlenen balyk önümleriniň 3347 tonna ýa-da degişlilikde 9,7% we 19,8% köp öndürilmegine garaşylýar.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk syýasatynyň durmuşa geçirmek durmuşa geçirmek bilen baglylykda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynyň  üstünlikli ösüşi dowam eder. Oba hojalygynda jemi öndürilen önümiň möçberi 13 180,4 mln. manat bolup, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,5% ýokarlanar.

Bu ösüşler ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagyň, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, suwarmagyň täze kämil usullaryny ulanmagyň, mineral dökünlerden netijeli peýdalanmagyň, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanşygyny ornaşdyrmagyň, ekinleriň ýokary hasyl berýän, gurakçylyga we şorlyga çydamly görnüşlerini döretmegiň we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, maldarçylyk pudagynda  mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň, mallaryň ot-iým binýadyny berkitmegiň we önümçiligiň güýçlendiriň beýleki usullarynyň hasabyna gaznmak meýilleşdirilýär. Bu önümleriň esli bölegi döwlete dahylly bolmadyk we hususy hojalyklarda öndüriler.

Bugdaý ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde örän möhüm orny eýeleýär. 2013-nji ýylda hojalyklaryň ähli toparlarynda 1600 müň tonna bugdaý, 1050 müň tonna pagta çig malyny öndürmek meýilleşdirilýär.

2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2013-nji ýylda gök önümleriň 2,3%, bakja önümleriniň 3,2%, kartoşkanyň 2,4%, miweleriň we ir-iýmişleriň 7,4% ýokarlanmagyna garaşylýar. Üzüm, şaly we gant şugundury önümçiligi 2012-nji ýylyň derejesinde we degişlilikde 309,4 müň tonna, 80,8 müň tonna, 200 müň tonna bolar.

Ot-iýim binýadynyň ep-esli derejede giňeldilmeginiň, mallara we guşlara hyzmat edýän weterinar hyznatlaryň, tebigy öri meýdanlaryny suwlylandyrmagyň netijesinde hojalyklaryň ähli toparlarynda gara mallaryň baş sany 2,2%, dowarlaryň 5,0%, düýeleriň 2,7% we gylýallaryň 4,9%  baş ýokarlanar.

Hojalyklaryň ähli toparlarynda maldarçylyk önümçiliginiň önümleriniň möçberi ýokarlanar. Diri agramdaky öndürilýän etiň möçberi 610,8 müň tonna, süýdüň 2393,5 müň tonna, ýumurtganyň 1090,3 mln. sany, fiziki agramda ýüňüň öndürilişi 46,6 müň tonna deň bolup, 2012-nji ýyla garanyňda degişlilikde 2,8%, 1,7%, 2,7%, 6,4% ýokarlanar. Öndürilýän maldarçylyk önümleriniň köp bölegi hususy eýeçilige degişli bolup durýar.

2013-nji ýylda agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň we döwlete dahylly bolmadyk kärhanalaryň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende et we et önümleriniň 1,8%, süýt we süýt önümleriň 0,3%, et konserwleriniň 15,1%, ösümlik ýagynyň 1,2%  we balyk we balyk önümleriniň 3,0%  köp öndürilmegine garaşylýar.

2013-nji ýylda balyk hojalygyny ösdürmek üçin Türkmenistanyň Döwlet Balyk hojalygy komiteti tarapyndan jemi  74,51 mln. manat maýa goýum goýbermek meýilleşdirilip, 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 1,6 esse ýokarlanar.

Goýberilýän maýa goýumlaryň hasabyna 2013-nji ýylda 2 sany balyk önümlerini  köpeldýän we  gaýtadan işleýän toplumlaryň hem-de hereket edýän howdan hojalyklarynyň durkuny täzelemek we täze döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, şeýle hem balyk tutýan flotyny gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri dowam eder.

Agrosenagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň esasy ykdysady görkezijileri aşakdakylardan ybarat bolar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi boýunça 2013-nji ýylda haryt önümleriniň möçberi 68,9 mln. manat ýa-da 2012-nji ýylda garaşylýanyndan 17,% artyk bolar.

Agrosenagat toplumynyň täze desgalarynyň gurluşygy üçin ýer -gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekligiň we taslama-çenlik resminamalarynyň işlenip düzmegiň möçberi artdyrylar, şeýle-de, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça tohumçylyk işleriniň we ösümlikleri goramak boýunça hyzmatlaryň  möçberi ýokarlanar.

Oba hojalyk pudagyny özgertmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, mallara we guşlara hyzmat edýän weterinar gullugynyň işini  kämilledirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 29-njy martyndaky „Ýurdumyzda weterinariýa işini kämilleşdirmek hakyndaky“ 12203 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň „Türkmenmallary“ assosiasiýasynyň düzüminde hereket edýän Mallara we guşlara weterinariýa hyzmaty baradaky birleşiginiň ýerine Döwlet weterenariýa gullugy döredilip  Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň düzümine geçirildi.

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň önümçilik we durmuş ulgamyny suw serişdeleri bilen üznüksiz we ýeterlik derejede üpjün edýän suw hojalyk ulgamynyň hereket edýän tehniki ýagdaýyny kanagatlanarly saklamak babatynda uly möçberli işler amala aşyrylar.

Şunuň bilen bir hatarda, ministrlik tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we beýlekileriň düýpli gurluşyklar boýunça buýurmalarynyň çäklerinde uly möçberdäki işleri ýerine ýetirmekligi meýilleşdirilýär. Aýratyn hem, möwsümleýin we uzak ýyllaryň dowamynda akymy kadalaşdyrylýan suw howdanlarynyň, kanallaryň, suw akabalaryň, suw göteriji beketleriniň, Altyn Asyr Türkmen kölüniň gurluşygy, Aralýaka sebitde arassaçylyk-epidemiologiýa ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin niýetlenen gidroteniki desgalaryň we beýlekileriň

gurluşygy boýunça işler dowam etdiriler.

Bulardan başga-da, kärendeçileriň serişdeleriniň hasabyna hojalyk içindäki suwaryş ulgamynyň tehniki ulanylyşy ýola goýular.

2013-nji ýylda harytlyk önümleri öndürmegiň möçberi 411,9 mln. manada deň bolup, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 41,1 mln. manat ýa-da 11,1% ýokarlanar.

Ýerine ýetirilýän işleriň möçberi maliýeleşdirmegiň möçberini artdyrmagyň, şeýle-de maddy-tehniki üpjünçiligi gowlandyrmagyň hasabyna ýokarlanar.      2013-nji ýylda ministrligiň senagat kärhanalary tarapyndan öndüriliýän gurnama demir-beton önümleriniň möçberi 23,1 müň kub metr bolup, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 0,4% artdyrylar, magdan däl serişdeleri 2012-nji ýylyň derejesinde, diwarlyk materiallaryň 10,0 mln. sanysy öndürilip, 1% ösüş gazanylar, suw sorujylaryň 820 sanysy abatlanyp, 2012-nji ýyla garanyňda möşberi 0,5% ýokarlanar, öndürilen polat-çoýun önümleriniň möçberi 2012-nji ýylyň derejesinde çaklanýar we 1059 tonna bolar.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň balyk hojalygy komiteti tarapyndan öndürilýän haryt önümleriniň umumy möçberi 17,1 mln. manada ýetirilip, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 8,2% ýokarlanar.

Balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 3122 tonna bolup, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,1% artar.

Balyk, gaýtadan işlenen balyk we konserwirlenen balyk önümleriniň öndürilişi 3048 tonna bolup, 2012-nji ýylda garaşylýanyndan 8,6% artyk bolar.

 „Türkmenpagta“ Döwlet konserni boýunça haryt önümlerini öndürmegiň möçberi 1213,6 mln. manada deň bolar. 2013-nji ýylda pagta süýminiň 310,9 müň tonnasyny, pagta çigidiniň 572,8 müň tonnasyny, gysga süýmiň 25,6 müň tonnasyny we pagta übtüginiň 7,2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Konsern Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalaryny gerek bolan möçberlerde çig mal bilen üpjün eder.

 „Türkmen atlary“ Döwlet birleşiginiň hojalyk hasaplaşygyndaky guramalary boýunça haryt önümlerini öndürmegiň  möçberi 9,78 mln. manada deň bolup, 2012-nji ýyldaka garanyňda 0,31 mln. manat ýa-da 3,3% ýokarlanar.

„Türkmen atlary“ Döwlet birleşiginiň esasy wesipesi ýurdumyzda tohum atçylygy ösdürmekden ybaratdyr.

2013-nji ýylda birleşikde atlaryň sany 1457 baş bolup, 2012-nji ýyla garanyňda 8% artar. Şeýle hem, birleşigiň kömekçi hojalyklaryndaky dowarlaryň baş sany 7000 bolup, 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2,9% ýokarlanar.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan öndürilýän önümleriň hilini gowlandyrmaklyga aýratyn üns berler. Ýurduň nahallara we şitillere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, 2012-nji ýylyň derejesinde saklanar we ýetişdiriljek nahallaryň we şitilleriň sany degişlilikde 6,5 mln. we 12 mln. sany, taýýarlanylan odunyň 2,3 müň kub metri we örülen gamyşyň möçberi 5,5 müň inedördül metri öndüriler. Polietilen turbalaryň öndürilişi 200 müň pogon metri öndüriler.

Ministrlik boýunça haryt önümlerini öndürmegiň umumy möçberi 19,7 mln. manada deň bolar.

 „Türkmengallaönümleri“ assosiasiýasy boýunça haryt önümlerini öndürmekligiň möçberini 262,0 mln. manada ýetirmek göz öňünde tutulýar. 2013-nji ýylda Assosiasiýanyň un öndürýän kärhanalarynda öndürilýän unuň möçberi 582,1 müň tonna ýetiriler. Ýarmanyň öndürilşini 13,3 müň tonna möçberinde ýa-da 2012-nji ýylda garaşylýanyndan 0,1% ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Çörek we çörek önümleriniň öndürilişini 156,5 müň tonna ýetirmeklik we 2012-nji ýyla garanyňda 2,4% ösüş gazanmaklyk, unaş önümleriniň öndürilişini 8,9 müň tonna ýetirmeklik ýa-da 2012-nji ýyldakydan 7,2% artyk öndürmeklik meýilleşdirilýär.

Kepegi 178 müň tonna möçberinde öndürmek meýilleşdirilýär we bu 2012-nji ýylyň derejesinde bolar.

 Önümçiligiň möçberleriniň ýokarlanmagy önümçilik kuwwatlyklarynyň has netijeli ulanylmagynyň, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň we görnüşlerini artdyrmagyň, önümçilik ýitgilerini azaltmagyň hasabyna amala aşyrylar.

 „Türkmenobahyzmat“ assosiasiýasy eýeçiligiň görnüşine garamazdan, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, mehanizmleşdirilen işlerini we hyzmatlaryny gerek bolan möçberde ýerine ýetirýär. Assosiasiýa abatlaýyş binýadyny kämilleşdirmegiň, ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmegiň we olary gaýtadan dikeltmegiň möçberini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk maşynlarynyň hemişe taýýarlygyny üpjün edýär.

2013-nji ýylda ýerine ýetirilýän işleriň umumy möçberi 418,1 mln. manada deň bolar ýa-da 2012-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 0,6% ýokarlanar.

 Assosiasiýanyň esasy serişdeleriniň  esli bölegini daşary ýurtlardan getirilen oba hojalyk maşynlary we enjamlary tutýar.

Pagtaçylygy ösdürmek, daýhanlaryň gowaça ösdürip ýetişdirmekden alýan girdejilerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň agrotehniki çärelerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy „Keýs“, „Jon Dir“, „Klaas“, „MTZ“ tehnikalary döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynýar. 2013-nji ýylda hem Assosiasiýa tarapyndan 313,5 mln. manatlyk ýokary öndürijilikli daşary ýurt oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaklyk meýilleşdirilýär.

 „Türkmenmallary“ assosiasiýasy boýunça haryt önümlerini öndürmekligiň möçberi 167,2 mln. manada deň bolar we 2012-nji ýyla garanyňda 3,8% ýokarlanar.

Assosiasiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň maldarçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen 2013-nji ýylda mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Gara mallaryň baş sany 2012-nji ýyla garanyňda 108,0%, dowarlaryň baş sany 83,2%, düýeleriňki baş sanyny 36,9% artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

 2012-nji ýyla garanyňda diri agramda etiň öndürilişini 20,3%, süýdüň öndürilişini 8,7%,  ýüňüň  fiziki agramda öndürilişini 72,4% ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalary, ýurduň azyk önümlerini öndürýän iň uly düzümi hökmünde, ösüş depginlerini kärhanalarda täze döwrebap enjamlary ornaşdyrmagyň, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň hasabyna dowam etdirerler. Assosiasiýa boýunça haryt önümlerini öndürmegiň möçberi 862,5 mln. manada deň bolar ýa-da 2012-nji ýyla garanyňda 3,4% ýokarlanar. Ilatyň ulanýan harytlarynyň öndürilişi 734,8 mln. manada deň bolar we 2012-nji ýyldakydan 3,0% artyk bolar.

Baýram Jumaýew.

Все новости

Главные новости